Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda durmuş-ykdysady maksatnamalar bilen birlikde, ýaşlar syýasaty hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyz gurultaýda eden taryhy çykyşynda hem birnäçe mysallar arkaly tekrarlady. «Garaşsyz döwletimizi 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, biz ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrýarys» diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy. Kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanaň Kanunynda, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ýaş nesilleri goldamagyň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen goşmaçalar, hususan-da, milli buýsanjy artdyrýan bilim berijilik häsiýetli wagyz-nesihat işleriniň gerimini giňeltmek, taryhy-medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek, ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamak, ýaşlar kärhanasyny döredip, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak we ýaşlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly beýleki goşmaçalar ýurdumyzda ýaşlar meselelerini çözmek, olaryň ýurt we halkara derejesinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça birnäçe anyk çäreleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam eder. Türkmenistanda ykdysady we durmuş abadançylygynyň ýokary derejede üpjün edilmegi ýaş nesilleriň bilimine, iş we ýaşaýyş şertlerine, saglygyna ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirmäge, şeýle hem olaryň hukuklaryny goramaga oňyn mümkinçilik berýär.
Ýaşlar döwletimiziň bagtly geljegidir, jemgyýetimiziň ygtybarly güýjüdir, milletimiziň beýik ynamydyr, ösüşlerimiziň kuwwatydyr. Hut şonuň üçin hem, ýaşlaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagy ugrunda ähli zerur şertleri döretmäge örän uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hormatly Prezidentimiziň ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde mynasyp orun eýeleýär. Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryny özünde birleşdirip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýar. Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagyna, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklara, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi terbiýelemäge hem-de döwrebap zähmet şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen ýaşlar syýasaty alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň hem mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr.
Häzirki döwürde türkmen ýaşlary Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallasy we başlangyjy bilen, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Şeýle hem olar hormatly Prezidentimiziň sargytlaryna eýerip, okamak, öwrenmek, döretmek bilen, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.
Ýaşlar hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde gazanylýan beýik ösüşlere, özleri hakda edilýän alada çäksiz buýsanýarlar hem-de eşretli durmuşda ýaşaýandygy üçin özlerini juda bagtly duýýarlar.
Şirin REJEPOWA,
Institutynyň Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.