TÜRKMENISTANDA BILIM ALAN OWGANYSTANLY TALYPLAR

ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar okuwlaryny üstünlikli tamamlap, Döwlet synaglaryny tabşyrýarlar hem-de diplom taslamalaryny goraýarlar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyny tamamlaýan talyp ýaşlar hem synaglara taýýarlykly gelip, diplom işlerini üstünlikli goraýarlar. Olaryň arasynda dostlukly Owganystan döwletinden okamaga gelen talyp ýaşlaryň hem birnäçesi bar. Biz söýgüli gazetimiziň üsti bilen şeýle talyplaryň birnäçesiniň ýürek sözüni okyjylara ýetirmegi makul bildik. 

Şahy ELÝAS, Demir ýol ulaglary fakultetiniň «Lokomotiwler» hünäriniň uçurymy: Men gülleýän, gül açýan türkmen paýtagtynda okap, bilim aldym. Türkmenistan meniň durmuşymda täze bir dünýäni açdy. Ýurduň ähli ugurlarynda ýokary depgin bilen ösüşi, ylym-bilimi ösdürmek babatda ýola goýulýan işler bize «Lokomotiwler» ugrundan bilim alyp, döwrebap hünäre eýe bolmaga ýol açdy. Türkmenistanyň elektrik energiýasy, demir ýol gurluşygy, lukmançylyk we beýleki ugurlar babatda Owganystana dostluk kömegini berip, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täze keşbinde dikeldilmeginde ýardam edýär. Bu işleriň netijesinde gadymyýetden gelýän türkmen-owgan dostluk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi bizi diýseň begendirýär. Goý, parahatçylyk söýüjilikli, umumadamzat bähbitli beýik maksatly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentiniň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Hawa, institutymyzy tamamlaýan owgan ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan hoşallyklary çäksiz. Olar her ädimde biziň ajaýyp döwrümize bolan buýsançlaryny beýan edýärler. Biz hem üstünliklere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda institutymyzy üstünlikli tamamlap, önümçilige ýollanma alýan ýaşlara ak ýol arzuw edýäris. Şeýle-de öz ugrumyzdan ökde hünärmenler bolup, ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň ösmegine goşant goşjakdygymyza ynandyrýaryn.

Fazeli AKELA, Demir ýol ulaglary fakultetiniň «Wagonlar» hünäriniň uçurymy: – Maňa-da Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty gözel Aşgabatda okap, Demir ýol ulaglary fakultetiniň «Wagonlar» hünäri ugrundan ýokary bilim almak bagty nesip etdi. Biziň döwrebap ylym-bilim almagymyz üçin ähli şertler döredildi. Gowy okamagymyz, kämil hünärmenler bolmagymyz üçin mugallymlar zähmetlerini gaýgyrmadylar. Türkmen ýaşlary bilen dost-dogan ýaly bolup bile okadyk. Türkmenistanda okan döwrümi men durmuş kitabymyň iň ajaýyp sahypalary hasap edýärin. Bu işleriň ählisi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentine çäksiz hoşallygymy bildirýärin.

 

Jumagylyç MÄMMEDOW,

institutynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty.