Türkmenistan ýurdumyz öz ykdysadyýetiniň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, serişdeler bilen bagly mümkinçilikler, durmuşyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilikler berýär. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummanywe Günorta Aziýa sebitleriniň ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Çünki häzirki wagtda halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy ugurlaryna öwrüldi.Türkmenistan bu ösüşlerden çetde galman, öz çäginde yklymyň
möhüm ulag merkezlerini döredýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ulag we kommunikasiýa ulgamyny emele getirmegiň Türkmenistanyň döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar.
Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň artýan möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ulag-üstaşyr ulgamy türkmen döwletiniň geosyýasy maksadyna sazlaşykly goşulýar. Milli Liderimiziň ykdysadyýetimiziň
ulaglar ulgamyny ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we kommunikasiýa düzüminiň has-da kämilleşmeginde biz ýaş hünärmenler üçin bimöçber aladalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Möwlam HAÝTGULYÝEW, Ulaglar fakultetiniň V-ýyl talyby