Türkmeniň ruhy dünýäsinde döredijiliginde Kyrkyň waspy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: 

-Türkmen halky beýik sungaty , nusgawy kadalary we 

gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan milliliklerimizi  nesilden-nesle geçirilmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýurdunyň ykbaly ösüp gelýän ýaş nesle baglydyr.

Hormatly Arkadagymyzyň: “Bilim reformasynyň üstünlikli dowam etdirilmeginde, adamzadyň, halklaryň hatyrasyna amala aşyrýan beýik maksatlarymyzyň durmuşa geçirilmeginde mugallymlaryň döredijilikli zähmetiniň orny örän ulydyr” [1;15s], diýip nygtaýşy ýaly, bilim işgärleri hemişe döredijilik gözleginde we ösüşde bolup, özleriniň ýeňil bolmadyk bu hormatly kärinde ussat bolmag çalyşmalydyrlar.

Gahryman Arkadagymyz “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” diýen kitabynda : “...halkymyz ýaş nesilleri ýazylmadyk kanynlar esasynda halallyk hem-de günä işi etmezlik baradaky öwütler bilen terbiýeleýär.Taryhymyz bize şular bilen bagly rowaýatlary, parasatly aýtgylary sapak edip galdyrypdyr” ” [1;13s], diýip, Oguzhan atamyzdan aslyny alyp gaýdýan türkmen halkynyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde bu özboluşli milli aýratynlyklardan , edep mekdebinden örän ýerlikli peýdalandygyny belläp geçýär.  ”Nesil terbiýesi türkmen maşgalasynyň milli ruhy bilen baglanyşyklydyr. Çünki millilik türkmeniň asyl süňňidir. Türkmençilikde bäbek çileden çykarylanda, suwuň içine kümüş teňňe, kyrk sany bugdaý dänesi atarylýar. Soňra çagany ak gundaga dolap, goňşulara aýlaýarlar. Kyrk çileden çykarylan bäbejige ýumşak, näzik matadan köýnek tikilýär. Çile köýnegi diňe boýun ýakasy oýulan bir bölek matadan hiç hili tikinsiz taýýarlanylýar. Ene-mamalarymyz tikin bäbejigiň tenini agyrtmazlygyny, endamyna ýaramly bolmagyny hem göz öňüne tutupdyrlar.

Türkmenler gadymy halk bolmak bilen, taryhda ösen medeniýete , baý mirasa eýe bolupdyrlar. Türkmen zenanlary çileden çykarylan bäbeklere kürte, kürtekçe, kirlik ýaly eşikleri bölejik matalardan tikýärler. Taze toý edilen öýde , täze babaek bolanda, kyrk çile  sözi türkmençilikde giňden ulanylýar.

 Bu günki günde türkmen  edebýatlarmyzda gabat gelýan kyrk sözüniň wapsy: Nusgawy şahyrlarymyzyň şygrlarynda we türkmen halk döredijiliginiň eserlerinde “kyrk” sözüniň taryhy güýjüne aýratyn ähmiýet berilýär. “Kyrk gulan bolsa süri bir agsagyn bildirmez”, “Tejribeli kişiniň düwen düwnini kyrk akylly çözüp bilmez” ýaly nakyllarda “kyrk” düşünjesi göçme manyda ulanylýar.

Magtymguly atamyzyň: “Kyrk gün owalyndan ýapragyň düşer”, Seýitnazar Seýdiniň: “Kyrk erenler ýola saldy erenler”, Şeýdaýynyň: “Kyrk şäherdem hyruç aldy”, Mollanepesiň: “Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin” diýen setirleri hem şygryýet äleminde bu sanyň köplük manysynda giňden ulanylýandygy güwa geçýär. Keý-Kowsuň “Kowusnama”  eserinde adamyň kyrk ýaşdan elli ýaşa çenli aralygyndaky ömür menzilinde her ýyl özünde öňki ýyllarda görmedik kemini görýändigini beýan edilýär.

Türkmen dessanlarynda şa gyzlarynyň kyrk sany keniziniň bolandygy suratlandyrylsa, “Görogly” şadessanynda onuň kyrk ýigidiniň häsiýetleri çeper beýan edilýär.
Saýatly-Hemra” dessanynda:

“Kyrkynjy gyzyň serdar,

Bal Saýat, bagdadyr bagda”

diýen setirlerinden görnüşi ýaly, türki halklaryň arasynda “kyrk” sözi mukaddeslik hökmünde orun alypdyr. “Gorkut ata” şadessanynda Derse hanyň hatynynyň ogly Bugajy ýitirende, öýüň dulunda aglap oturman, kyrk kenizini alyp, bedew atyna atlanyp, meýdana sary ugrandygy beýan edilýär.

Babadaýhanlar arpanyň ammardan çykyp, ýene ammara gelmegi üçin bary-ýogy kyrk gün gerekdigini aýdýarlar. Abu Ali Ibn Sinanyň “Tebipçiligiň esaslary” atly kitabynda hem arpanyň beýleki melhemleri bilen garylyp ulanylyşy kyrk ýerde beýan edilýär.

Türkmen gyşyň iň sowuk bolýan döwrüne, ýagny, örküjine hem “kyrk çile” diýýärler. Güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde kyrk sany bilen baglanşykly “Kyrkgyz”, “Kyrkdepe”, “Kyrkdeşik”... ýaly ýer-ýurt atlary duş gelýär.

Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eseriniň “Ata-enäni razy etmegiň beýany” atly bölüminde çaganyň ata-enäniň öňündäki kyrk borjy görkezilýär. Ten, dil, köňül, mal-zat bilen bitmeli şol kryk borjuň beýany şu günlerem türkmen maşgalasynda nesilleri terbiýelemekde giňden ulanylýar.

Türkmen halk ertekileriniň birinde bir baý bazarda, “Kimde-kim maňa kyrk gün talaban dursa, kyrk gün bakyp, ýekeje gün işletjek” diýip jar çekdirýär. Şol ertekide baý öz gazan çukuryna özi düşýär. Mahlasy, türkmeniň ruhy dünýäsinde kyrk sanyň üsti bilen çuňňur manyly öwüt ündewler we gyzyldan gymmatly dürdäne gymmatlyklar döredilipdir.

Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde ylym -bilim ulgamynda gazanylan netijeleriň, ýokary görkezijileriň gözbaşynda Baş arhitektor, Alym Arkadagymiz dur. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi » atly  edebi-filosofik eserlerinde halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri täsirli beýan edilýär. Milli Liderimiziň Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, ýeten derejesi, onda özüniň ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky maglumatlaryň täsirli taryhy wakalar bilen utgaşyklykda çeper beýan edilmegi okyjyny watansöýüjiligiň çuň täsirine atarýar. Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda beýan etjekdigini aýdyp, okyjylaryny begendirýär.

Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserlerini okap, ylham alyp, halal zähmetimiz, mynasyp göreldämiz bilen Watanymyza, halkymyza ilhalar nesilleri terbiýelemek neneň buýsançly bagt?!

Döwletlilik ýörelgelerimizi dowam edip, halkyny bagtyň gujagynda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

             Oguljan AÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

 kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy