Çuňňur hormatlanylýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyp, Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Maksatnama laýyklykda, raýat awiasiýasyny ösdürmek üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap howa menzilleri gurulýar we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, şeýle hem ýurdumyzyň howa gämileriniň parky giňeldilip, dürli görnüşli ýokary amatlyklary bolan täze, döwrebap ýolagçy we ýük howa gämileri yzygiderli satyn almak göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň « Boeing » kompaniýasynyň « Boeing -777-300ER» iki sany täze ýolagçy howa gämileri satyn alyndy.
Bu waka ýurduň awiasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm ädim boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda öndürilen bu model häzirki zaman tehnologiýalarynyň we inženerçilik ussatlygynyň iň ýokary derejesine eýedir. Dünýä rekordynyň eýesi hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabynda hasaba alnan «Boeing 777-300ER» kämillik derejesi hem-de tehniki häsiýetnamasy bilen haýran galdyrýar.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolagçy howa gämileriniň parkynyň üstüni ýetiren bu täze «Boenig-777-300ER» kysymly EZ-A781 görnüşli döwrebap ýolagçy uçary 368 orundan ybarat. Täze «Boeing 777-300ER» ýolagçylara üç görnüşli öz hyzmatyny klassyny hödürleýär: biznes-klass, premium-ekonom-klass hem-de ekonom-klass. Bu täzelenme ýolagçylar üçin amatlylygy we dürli hyzmatlar üçin häzirki zaman talaplaryny şertlendirýär.Şolardan 40 biznes, 32 premium-ekonom-klass we 296 ekonom-klass we 2 sany GE90-115BL2 görnüşli hereketlendirijisi bilen ornaşdyrylan. Uzyn göwrümli we ägirt uly uçarda sagatda 0-dan 96 km/sag aralygyndaky tizlige bary-ýogy 6 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýän iki uçar hereketlendirijisi bar, munuň özi 175 000 at güýjüne deňdir. Ganaty 64,8 metr bolan bu uçar tizligi, beýiklige galýan wagtyndaky tizligi we aerodinamikasy boýunça bäsdeşlerinden öňde durýar.Bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390 km ýetip, 40 000 kg çenli göwrümli ýükleri bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär. «Boenig-777-300ER» kysymly EZ-A781 görnüşli täze ýolagçy howa gämisi Aşgabat halkara howa menziline gonup, ikinji ýolagçy howa gämisi ýakyn wagtlarda ýurdumyza getiriler.
Ýeri gelende ýatlasak, şu ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhowaýollary» gullugyna «Boeing 737-8» kysymly dört sany uçary satyn almak barada şertnamany, şeýle hem «TMHCC-AIR 1 LLC» we «TMHCC-AIR 2 LLC» kompaniýalary bilen «Boeing 777-367ER» kysymly iki sany howa gämisini satyn almak barada üç taraplaýyn şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekipdi. Munuň özi ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm waka öwrüldi.
Hormatly Arkadagymyzyň halkara howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen halkynyň has eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň nobatdaky subutnamasydyr.
Häzirki zaman ýük howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkymyzyň halkara howa ýük gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de, ýurdumyzyň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge amatly şertleri döreder.
Halkara standartlara laýyk gelýän täze howa menzilleriniň toplumlarynyň gurulmagyna, täze howa gämileriniň yzygiderli satyn alynmagyna aýratyn ähmiýet berip, milli raýat awiasiýa pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge ýakyndan ýardam berýän Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 5-nji ýyl talyby: Gaýypow Gaýrat
Tel:+99363196147