Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň howa ulagy ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanan “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy” tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Maksatnamada täze howa menzilleriniň gurluşygyny hem-de ozal hereket edýänleriniň, beýleki degişli desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy, häzirki zaman uçarlarynyň we beýleki zerur tehnikalaryň satyn alynmagy, täze halkara ugurlarynyň açylmagy, şeýle hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy ýaly wezipeler kesgitlenýär.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherinde ýerleşýän dikuçar zawodynyň arasynda hyzmatdaşlyk 2008-nji ýyldan bäri dowam edýär. Şu döwürde ýurdumyz birnäçe dikuçarlary satyn aldy. Hususan-da, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” paýdarlar jemgyýeti bilen “Türkmenhowaýollary” agentliginiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde, lukmançylyk maksatly «Mi-17-1W» kysymly dikuçarlary Türkmenistana getirildi. Şu kysymly dikuçarlaryň köptaraply häsiýete eýedigini bellemek gerek. Olar lukmançylyk maksatlary bilen bir hatarda, ýolagçylary gatnatmak, ýük daşamak, gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek, halas ediş çäreleri, ýangynlary öçürmek işlerinde ulanylyp bilinýär
Lukmanlaryň ygtyýaryna gelip gowşan «Mi-17-1W» kysymly dikuçarlary ilata gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermäge, heläkçilik çekenleri, näsaglary, şol sanda agyr hassalary getirmäge niýetlenendir.
Lukmançylyk dikuçary ýöriteleşdirilen enjamlar, şol sanda monitor-defibrillýatorlar, drenaž aspiratory, öýken emeli howa enjamlary, elektrokardiograf we beýlekiler bilen üpjün edilen. Mundan başga-da, infuzion erginlerini saklamak üçin ýylylyk geçirmeýän konteýner, wakuumly immobilizasiýa düşekleri, intubasiýa üçin enjamlar toplumy, ulular we çagalar üçin boýun-oňurga fiksatory, wakuum fiksatory, beýleki ugurdaş gurallar, ýanyga garşy serişdeler bar.
Şeýle hem geçen aýda ýurdumyza şu kärhanada öndürilen häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Ansat” kysymly dikuçarlary hem getirildi.
«Mi-17-1W» kysymly dikuçary ýaly, bu dikuçar hem tiz lukmançylyk kömegini bermäge, näsaglary ýöriteleşdirilen hassahanalara gyssagly getirmek üçin niýetlenildir. Ol hem häzirki zaman anyklaýyş we beýleki enjamlar, näsaglaryň ýagdaýyny görkezýän monitorlar bilen üpjün edillen. Onda şikes alan raýatlara ýerinde gyssagly lukmançylyk kömegini bermek we beýleki zerur hyzmatlary ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredilen.
Lukmançylyk maksatly dikuçar öýkeniň emeli howalandyryjy abzaly, Сorpuls-3 GS013 monitorlaşdyryş we defibrilýasiýa ulgamy, Сompaсt S perfuzorlary, infuziomat FMS, drenažly aspirator, PM-60 pulsoksimetr, Aссu-Сhek Performa glýukometri, ýanyga garşy STS toplumy we beýleki enjamlar bilen üpjün edilendir. Derman we sarp edilýän serişdeler, adamyň oňurgasyna, boýnuna we eline, aýagyna şikes ýetende ulanylýan dürli görnüşli seýikler, ýöriteleşdirilen näsag göteriji zemmer üçin ýörite gutular bar.
“Ansat” kysymly dikuçary çylşyrymly şertlerde gyssagly wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu bolsa lukmanlaryň wagt ýitirmän, näsaglara degişli kömek bermegine mümkinçilik döredýär.
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW institutymyzyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy