Daşky gurşawy goramak, tebigata ideg etmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamak Türkmenistanyň milli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. BMG-nyň durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, Türkmenistan Hazar deňziniň daşky gurşaw deňagramlylygyny üpjün etmekde we daşky gurşaw meseleleriniň hemmesini üstünlikli ýerine ýetirmekde işjeň gatnaşýar. Geçmişde beýik galkynyşlaryň mekany, ösen medeniýetleriň binýady, söwda ýollarynyň çatrygy bolan Hazar deňziniň sebiti häzirki döwürde özüniň her dürli tebigy baýlyklary, geosyýasy we ykdysady mümkinçilikleri bilen bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär we halkara derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu sebitiň ýagty geljegine ynanýan köp ýurt Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýar, şeýle hem dünýäniň köp sanly iri we belli kompaniýalary maýa goýumlary bilen bu sebitiň ykdysady ösüşini ösen tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribe we bu ugurlarda özara peýdaly şertnamalar baglaşmaga we goldamaga taýyn. Hazar sebitiniň abadançylygynyň bütin dünýäni gyzyklandyrýan umumadamzat meseleleriniň biri bolup durýandygy üçin iri we täsirli halkara guramalary bu sebitiň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün üpjün etmäge gönükdirilen syýasy, maliýe, tehnologiýa, ekologiýa ugurlary boýunça dürli taslamalary öňe sürýärler. Şolaryň biri hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) tarapyndan 2019-njy ýylda badalga berlen «Hazar deňziniň sebitinde “ýaşyl” portlarynyň ösdürilmegine ýardam bermek» atly köpugurly we uzak möhletleýin taslama bolup, onuň çarçuwasynda Hazar deňziniň Bakuwdaky (Azerbaýjan), Aktaudaky (Gazagystan) hem-de Türkmenbaşydaky (Türkmenistan) deňiz portlarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly ençeme çäreler bellenildi. Onda, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işini gowulandyrmak, dikeldilýän energiýa çeşmelerini iň oňat ulanmak we portda energiýany netijeli ulanmak arkaly kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, söwda we ulag maglumatlarynyň sanly alyş-çalşygy bilen baglanyşykly durnukly aragatnaşygy üpjün etmek ýaly çärelere ünsi çekýär. Bu çäreler, hususanam, taslama gatnaşyjysy bolup durýan agzalan portlarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini iň gowy ýol bilen ulanmak we energiýadan netijeli peýdalanmak arkaly uglerod zyňyndylarynyň azaldylmagyna, bu portlaryň arasynda durnukly aragatnaşygyň üpjün edilmegi üçin söwda we ulag gatnaşyklary babatda maglumatlaryň sanly ulgam arkaly alşylmagyna, ýerli hünärmenleriň bu ugurda okadylmagyna we öňdebaryjy halkara “ýaşyl” portlarda tälimden geçmegine, logistika ulgamynda aýal-gyzlar üçin iş mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam bermegi öz içine alýar.
ÝHHG-niň Ykdysady we ekologik işjeňligini utgaşdyryjysynyň Geňeşi (Бюро Координатора экономической и экологической деятельности ОБСЕ) tarapyndan işlenip taýýarlanylan bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ahyrky maksady Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň portlaryndan energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň diwersifikasiýasyna, esasanam Merkezi Aziýa döwletleriniň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryna çykmagyna ýardam etmekdir. Taslama Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB), BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy we hususy sektoryň öňdebaryjy bilermenleri bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we Germaniýa, Italiýa hem-de Islandiýa ýaly ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýär. Görşümiz ýaly, ÝHHG-niň Hazar deňziniň portlary bien alyp barýan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hem bu sebitde daşky gurluşyň goralmagyna goldaw bermek bolup durýar. Geçen ýyl ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid hormatly Arkadagly Serdarymyza Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurmagy ýurdumyzyň bu ugurda ençeme ýyllaryň dowamynda geçiren maksadalaýyk işleriniň netijesi boldy. Şeýlelik bilen, Türkmenbaşy halkara deňiz porty, portlarda we port terminallarynda halkara derejesinde ykrar edilen daşky gurşaw dolandyryş modelleriniň berjaý edilýändigini tassyklaýan Niderlandlar Patyşalygynyň «EcoPort Suistanable Logistic Chain» guramasy tarapyndan berilen , portlarda we port terminallarynda ekologik dolandyryşyň dünýä boýunça ykrar edilen nusgalarynyň berjaý edilişini tassyklaýan «EcoPorts» şahadatnamasyny alyp, dünýäniň iň ýaşyl portlarynyň birine öwrüldi.
Halkara bilermenleriniň ykrar etmeklerine görä, 2013-2018-nji ýyllarda hakykatda durky täzelenen Türkmenbaşy halkara deňiz porty häzirki zaman ülňülerine doly laýyklykda işleýär. Türkmenbaşy halkara deňiz portunda kömürturşy gazyna garşy goraglar, elektrik togy bilen işleýän kranlar, galyndylary zyňmagyň düzgünlerini berjaý etmäge, şeýle hem, daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga kömek edýän innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylandyr. Deňiz portunyň her terminalynda Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamaga goşant goşýan bioarassalaýjy enjamlar bar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň alyp barýan işinde ekologiýa howpsuzlygyň we sagdyn zähmet şertleriniň birkemsiz ýerine ýetirilýändigine oňa halkara gözegçilik guramalary tarapyndan bu babatda öňki berlen resminamalar hem aýdyň şaýatlyk edärler. Ýudumyzyň bu iňňän döwrebap kärhanasy Halkara Standartlaşdyrmak Guramasy (ISO) tarapyndan «ISO 9001:2015 – Hili dolandyrma-gyň ulgamy» (kärhanada ýerine ýetirilýän işleriň hem-de müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hilli üpjün edilmegi), «ISO 14001:2015 – Ekologiýany dolandyrmagyň ulgamy» (kärhanada halkara ekologiýa talaplarynyň, ýagny, deňiz gurşawyny ýaramaz täsirlerden goramak, howa atmosferasyna zyňyndylary azaltmak, ýer serişdelerini önümçilikde emele gelýän galyndylardan goramak) hem-de «ISO 45001:2018 – Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygyny üpjün etmegiň dolandyryş ulgamy» (kärhananyň çäginde ýerine ýetirilýän işleriň, kärhanada işleýän ähli derejedäki işgärleriň we müşderileriň tehniki taýdan howpsuzlygyny ýokary hilli üpjün etmek) atly halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolupdy.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «EcoPorts» güwänamasyna mynasyp bolmagy we bu güwänamanyň esasynda ýaşyl port statusyna eýe bolmagy bilen, onuň öňünde diňe bir Hazar sebitiniň däl, eýsem Ýewropanyň portlary bilenem aragatnaşygy giňeltmäge täze mümkinçilikleri açýar. Bu onuň halkara derejesinde bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrýar hem-de berýän hyzmatlarynyň hiliniň kepili bolup durýar. Hazar deňziniň dünýädäki logistik we söwda geçelgesi hökmündäki ähmiýetiniň barha artýan şertlerinde “ýaşyl ykdysadyýetiň” ýoly bilen barha öňe ilerleýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň guramaçylyk, tehnologik, ekologik taýdan ýokary derejesiniň halkara möçberinde ykrar edilmedi bilen onuň hyzmatlaryna isleg-hyrydarlyk hasam ýokarlanar. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetine saldamly goşant bolup, tutuş ýudumyzyň ösüşine täze depgin we halkymyzyň eşretine eşret goşar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Gülistan Bezirgenowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Ulaglar” fakultetiniň “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň uly mugallymy