Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 17-18-nji oktýabr aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynda bolan iş saparynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp “Dost-doganlyk ýollary – geljegi uly maksatlar” atly maslahat geçirildi.
Türkmenistan ýurdumyz Hytaý Halk Respublikasy bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uzak möhletleýin dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Hut şuňa laýyklykda “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny durmuşa geçirmegiň çäginde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň has uly geljegi bardyr.
Döwletara hyzmatdaşlyklaryň çäginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda we beýleki pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplandy. Bu bolsa bar bolan uly kuwwaty nazara almak arkaly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda oňyn şertleri döredýär.
Institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň kämilleşmeginiň netijesinde köp taraplaýyn görnüşde döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny kemala getirjekdigi, halklaryň ýaşaýyş hem-de abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly täsir etjekdigi barasynda çykyşlar diňlenildi.
Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmak ugrunda edýän aladalaryna hem-de raýatlarymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda döredýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Bu geçirilen dabaraly maslahat, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.