Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eli çeper, ähli hünärleriň ussatlary bolan türkmen zenanlary halyçylyk sungatyny nusgalyk derejä ýetirýärler. Enelerimiziň yhlasy siňen gadymy nagyşlar, halylardaky dürli reňkleriň sazlaşygy, dokalyş aýratynlygy biziň günlerimize gelip ýetip täze röwüşe eýe bolýar. Munuň özi türkmen maşgalalarynda enäniň öz el hünärini gyzyna öwredip bilýänliginden hem-de dilden-dile, elden-ele geçip bu mizemez senediň ýitip gitmeýänliginiň subutnamasydyr. Türkmen halylaryny synlanyňda, uz barmaklaryň yzynda durmuşy oýlanmalary, tebigatyň janly keşbini, gije-gündiziň beýanyny, arzuwa beslenen ýaşaýşy görmek bolýar. Şol gözellikleri yzarlaýarkaň, kalbyň ajaýyplyklara beslenen mukamy her kimi özüne çekýär.
Türkmen milli haly sungatynyň nagyş bezegleriniň görnüşi we mazmuny birnäçe asyrlaryň dowamynda has durnukly bolupdyr. Özüniň düzülen daşky görnüşini we nagyşlaryň çylşyrymly içki görnüşiň ulgamyny saklap, türkmeniň däpdessurly bolan haly sungaty “klassika” diýlip hasaplanylýar.
Orta asyr döwründe şäherleriň ykdysady ýagdaýy ýokarlanýar, onda şäheriň daşynda ýaşaýan ekerançylyk hem-de çarwadarçylyk bilen meşgul bolýan ilatyň goşandy hem bardyr. Şäheriň içinde hem-de onuň daşynda oturymly ýaşaýan senetkärler öz ussahanalarynda ýüpek matalary we “döwleti” diýip atlandyrylýan halylary türkmen ärsary taýpalary tarapyndan öndürilipdir. Bilşimiz ýaly, gündogar halklaryň ýaşaýyş medeniýetinde uly orun tutýan öý interýerini bezemek üçin owadan goşlar zerur zatlar bolup, olarsyz türkmen şäher ýa-da çarwa durmuşyna göz öňüne getirip bolmaýar. Türkmenleriň ýaşaýyş medeniýetiniň gözel özboluşlygy barada köp sanly taryhy we edebi çeşmeler bar.
Çeperçilik taýdan owadan, täsin nagyşly ýüň türkmen halylary meşhurlyk gazanýarlar. Irki orta asyrdan başlap ýüň halylar dünýä bazarlarynda “söwda birligi” diýlip hasaplanypdyr. Ýüpek matalaryň nagyş bezegi hem-de käbir halylaryň nagyş we taslama gurluşyň esaslary (prinsip) doly deňligi, olaryň stilistik we çeperçilik laýyklygy tötänleýin däldigi bellenýär. Türkmen şäherleriniň çeperçilik medeniýetinde özboluşly nagyş stili bolandygyny tassyk edýän birinji subutnamasy orta asyr türkmen halylarynyň taslamasy orta asyr Ýewropanyň “Renessans” döwrüniň durmuşyna uly şöhle saçýan türkmen çeper medeniýetiniň halylary hem-de matalary gündogar ýurtlarynyň jemgyýetinde “gowy ýaşamak” diýlende “halylara eýe bolmak” diýmegi aňladypdyr. Bu düşünje Ýewropa döwletleriň ýaşaýyş medeniýetine-de ornaşýar we “Renessans” döwrüniň suratkeşleriniň nakgaş eserlerinde halylary, ýüpek matalary görüp bileris. XVI asyrdan başlap tä XIX asyryň aýagyna çenli Ýewropanyň baý döwletleriniň suratkeşleriniň dabaraly portretlerde korollaryň halyň üstünde öz baýlygyny sergilendirip duran ýagdaýyny görmek bolýar. Giçki döwür türkmen halylary özünüň nagyş – bezeg ulgamynda irki döwür ýüpek matalaryň nagyşlaryň arasalygyny saklaýar we az özgerýändigini görkezýär. Mysal üçin, “Pendi göli”, “ärsary”, “harraty” , ýa-da “hyraty” nagyşly haly we çuwallary, ýomut, igdir taýpa gölleri, “labyr” nagyş ulgamy, ýomut “guş” şekilli gapylaklary bolýar.
Milli halylar, umumylykda taýpa halylardyr. Türkmen halylarynyň taslamasyny düzýän iň gadymy we durnukly nagyş ulgamy – olaryň gölleri. Göl halynyň merkezi meýdanynda ýerleşen we az üýtgeýän şekilidir. Bu oňa berilýän aýratyn ähmiýetini görkezýär. Gölüň dik hem-de kese hatarlarda ýerleşdirilmegi, köp gezek gaýtalanmagy we gölüň içki nagyşlarynyň gurluşy – bu onuň gadymy sungata degişlidiginiň alamatydyr. Halylaryň merkezi meýançasynda göller ýerleşdirilýär, soňra gyra nagşy, älem, toprak we seçek düwülýar. Göller uzak wagtlaryň dowamynda türkmen halylarynyň ýüzüniň görküni saklapdyr we halylary bezäpdir. Gölleriň atlary, mälim bolşy ýaly, tire-taýpa degişlidigini aňladýar: teke, salyr, saryk, ýomut, ärsary, çowdur, igdir. Göl dünýäniň döreýşi barada maglumat bermek bilen, özüniň haýsy taýpa degişli bolandygyny habar bermek borjyny hem ýerine ýetirýär. Bu bolsa, gölleriň “habar” şekil-nyşan grafikasyny saklanmaga ýardam edýär we olaryň atlary täze gerekli borjy alandygyny görkezýärler.
Göl dört tarapy ýapyk, süýmek sekizburçlyk bolýar, içine belli nagyş ulgamy girýär. Gölüň nagyşly kompozisiýasy “ýokardan aşak seretmek” panorama esasynda düzülen we “çyzgy” görnüşde görünýär. Bu çylşyrymly görnüşde, sada şekil ýönekeýleşdirilip nyşana öwrülendir, onda - takyk görünýän öňe çykarylan merkez bar. Ol inedördüliň, rombyň, sekiz burçly ýyldyzyň keşbi görnüşindedir. Gölleriň daşynda goşmaça kiçijik gölçeler “çemçe göller“ bolup, olar belli düzünde edilýär. Haly gölleriniň arasyndaky geometriýalaşan figuralara gölçe diýilýär. Gölçeler merkezinde ýerleşen gölleriň arasynda bolýar we gölçesiz haly görnişleri hem bar. Gölçeler dürli görnişde bolup bilýär. Teke, pendi, gyzylaýak saryk gölli halylarynda gurbaga we çemçe, diýlip atlandyrylýan gölçeler bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň nepis el halylaryna bolan sarpasy “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynda öz ornuny tapýar. Dürdäne eserlerde ylahy zehine, täsin el hünärine, ajaýyp nagyşlara hormatyň beýany özüne çekýär. Munuň özi gyz-gelinlerimiziň uz barmaklaryndan döreýän sungata sarpanyň belentdigine şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň abraý-mertebesini bütin dünýäde dabaralandyrýan, milli mirasymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň
mugalymy Jennet Toşşyýewa
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň
mugalymy Orazgulyýewa Maýagözel