Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy

Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Milli Liderimiz şahyryň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky möhüm ornuny belleýär. Çünki Magtymguly ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, adamlaryň kalbynda hemişelik orun aldy, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydasyna berk ornady we türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi.

Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmaty agzybirlik ugrunda göreşmegidir we eserlerinde agzalalygy ýazgarmagydyr. Wagt berkarar döwleti arzuwlan şahyryň belent taglymynyň dogrudygyny subut etdi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan halkymyz Magtymgula hemişe minnetdardyr.

Söz ussadynyň parasatly öwüt-ündewleri Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we gülledip ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barha belende göterilýär, onuň ählumumy gymmatlyga öwrülen öňdengörüjilikli pikirlerine, filosofik garaýyşlaryna üýtgewsiz isleg häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy binýadydyr... Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk syýasaty Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan oňyn özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Netijede, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň dag eteklerinde özboluşly taslamalar esasynda gurlan belent binalary, häzirki zaman ýol-ulag infrastrukturasyny, iri tokaý-seýilgäh zolaklaryny özünde jemleýän ajaýyp landşaft emele geldi. Şol bir wagtyň özünde, Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilýän Aşgabadyň düýpgöter täzelenen keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň okgunly depgini, köptaraplaýyn mümkinçilikleri, baý taryhy we milli medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Ak mermerli paýtagtymyz täze binagärlik çözgütleri, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary bilen barha gözelleşýär.

Ýurdumyzyň baş şäheri öz çäklerini ýyl-ýyldan giňeldýär, gaýtalanmajak gözelligi bilen haýran galdyrýar. Şonuň üçin paýtagtymyz köp sanly halkara güwänamalara mynasyp boldy. Şäheriň binalarynyň ençemesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň ykrarnamasydyr. Ýer ýüzüniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabadyň köp sanly gözel ýerleriniň hataryna şu günki açylýan täze toplum hem goşular.

...Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar we halk köpçüligi toplumyň baş girelgesiniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahata we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gelýär. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler.

Bu ýerde ýurdumyzyň teatr we tans toparlarynyň, tanymal aýdymçy-sazandalarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi dabara aýratyn many-mazmun berýär. Bu goşgyny Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 17-nji awgustynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda ilkinji gezek şu künjekde okandygyny bellemek gerek. Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde şol wagtky alnyp barylýan işler hem-de ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli taslamalar bilen tanyşdy. Çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz şahyryň ýubileýi barada oýlanyp, bu ajaýyp setirleri ýazdy...

Joşgunly çykyşlary üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz ýörite bellenen ýere geçýär we ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenýär.

Bu gün türkmen halky uly toý toýlaýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilýän bu dabara bilen siziň ähliňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Bu ugurda örän köp işler ýerine ýetirildi.

Hormatly Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuň hormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Bu goşgynyň her bir sözünde, her bir setirinde örän çuňňur many bar diýip, döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşgusyndan bölegi okady:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Bellenilişi ýaly, bu setirler Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna goýýan aýratyn hormatyndan nyşandyr. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly pikirleri bilen berk baglydyr.

Soňky ýyllarda öňdebaryjy tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda medeniýet ulgamyna hem işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilýän dabaralaryň täzeçil usullary ulanmak arkaly, ýokary derejede guralmagyna innowasion taýdan çemeleşilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyndaky möhüm wakalaryň birine öwrülen şu günki çäre mynasybetli guralan ajaýyp feýerwerk agşamky asmany täsin şekiller bilen bezäp, dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

                                                                              

Kerimow Güýçgeldi, Sanly tehnologiýalar we

 kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby