TEBIGATYŇ GÖZELLIGI – SURAT ESERLERINDE

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda halypa mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda   «KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIÝA ÇÄRELERI –  WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR» ady bilen okuw-tejribeligi geçirildi.

Ýokary okuw mekdebiň “Landşaft dizaýny” hünärinde bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda institutyň “Talyplar seýilgähinde” geçirilen okuw-tejribeligi seýilgähiň dizaýn gurluşlarynyň şekillerini, binagärçilik gurşawynyň dizaýn düzümlerini şekillendirmäge, şeýle hem  talyplaryň ekologik bilimini artdyrmaga, olaryň ekologiýa babatda medeniýetliligini ösdürmäge we ýaş nesilde ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda goralyp gelnen täsin tebigatymyzyň ajaýyp gözelligini gorap saklamaga bolan ýokary jogapkärçilik duýgularyny terbiýelemäge mümkinçilik berdi.

Häzirki döwürde ýaş nesle döwrebap ekologik bilim we terbiýe bermekde, olarda kämil ekologik medeniýeti kemala getirmekde we ösdürmekde ýokary okuw mekdeplerinde ekologiýa bilen baglanyşykly geçirilýän tejribelik okuwlara aýratyn  orun berilýär.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin miras goýmak Arkadagly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr.

Bu geçirilen okuw-tejribeligi Arkadagly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.