TEBIGATA SÖÝGI — WATANA SÖÝGI

4-nji noýabrda Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli künjeklerinde güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi.Bu wajyp dabara Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlary, talyplary hem bir adam ýaly bolup, agzybirlik bilen gatnaşdy. Ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirildi. Ýazky köpçülikleýin bag ekişlik döwründe oturdylan ýaşajyk nahallaryň 1,5 milliony eýýäm ene topraga kök urup, joşgunly ýaşaýşa goşuldy. Şeýlelikde, bag oturdylan ýerine mazaly uýgunlaşyp, gyşy bilen yzgary, idegi ýetensoň, ir baharda gowy janlanyp ugraýar. Bag oturtmak dabarasyna türkmen halkynyň uludan-kiçä ähli raýatlarynyň agzybirlik bilen gatnaşmagy mähriban topraga söýgini, ata Watanymyzy jennet mekana öwürmek baradaky ýörelgelerini özünde jemleýär.

      Ata-babalarymyz ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, oňa aýawly garamak, ony goramak ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Altyn güýzde, bereket-bolçulygyň baýramynyň — Hasyl toýunyň öň ýanynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, bag ekmek boýunça ählihalk dabaralarynyň geçirilmegi ata Watana we ene topraga belent söýginiň nyşanydyr.

       Bu sogaply işe biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary we mugallymlary hem işjeň gatnaşýarlar. Muňa biziň institutymyzda şu ugurda guralýan sapaklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Institutymyzyň mugallymlary, talyplary Arkadagly Gahryman Serdaryymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek möwsümlerine işjeň gatnaşýarlar. Şonda her ýylyň bahar we güýz aýlarynda ýaş nahallaryň müňlerçe düýbüni oturtmak, olaryň ozal bar bolanlaryna ideg etmek işleri köpçülikleýin ýerine ýetirilýär. Bu bolsa biziň daş-töweregimiziň gözel bolmagyna uly goşant goşýandygymyzy aňladýar. Şonda institutyň okuw-tejribe meýdançalaryna, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregine, ýanaşyk ýollaryň, ýaplaryň gyralaryna agaç nahallaryny oturtmaga taýýarlanyldy, suw akabalary arassalanyldy.       

        Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanyp, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilýän şunuň ýaly belent maksatly işleriň ählisi buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Şeýle ähmiýetli hem asylly ýörelgelerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha dabaralanmagy, türkmen ýaşlarynyň döwletlilik ýörelgelerine laýyk terbiýelenmegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Çünki ýaşlar ýurduň syýasy, ykdysady we medeni durmuşy bilen berk bagly bolup, olar ata Watanymyzyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň hiç birinden hem üzňe däldirler. Şoňa görä-de, bag ekmek ýaly asylly hem sogaply işlere, bu ugurda geçirilýän çärelere institutymyzyň gujurly ýaşlary hem gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldeleri bilen döwletli tutumlara, netijeli işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

     Ýurdumyzyň welaýatlarynda we şäherlerinde köpçülik bolup bag nahallarynyň oturdylmagy agzybirlikden, asudalykdan, parahatçylykdan nyşan. Bag — tebigatyň baýlygy. Bag — tebigatyň adamzat ýaşaýşyna taýsyz peşgeşi. Adamzadyň ýaşaýyş çeşmesi bolan ene toprak ynsan üçin, gör, näçe naz-nygmatlar eçilýär?! Şonuň üçin-de ýaş nesillerde mähriban Diýarymyzy has-da gözelleşdirmek we ondaky bar bolan tebigy baýlyklary gorap saklamak endigini terbiýelemek her bir mugallymyň wajyp wezipeleriniň biridir. Biz — mugallymlar güýzki bag ekmek möwsümine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň tebigatynyň abadançylygyna öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

           

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.