Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, beden taýdan sagdyn ösmegi, giň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Çünki ata Watanymyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply we zehinli ýaş nesillere baglydyr. Sanly tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almagyna, hünär taýýarlygyny, tejribelerini kämil derejede ösdürmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak wezipesi talyplaryň sanly ulgam babatdaky sowatlylygyny gazanmak bilen aýrylmaz baglydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: “Biz alymlaryň pikirini nazara alyp, olaryň geçirýän ylmy-barlag işleriniň netijelerini we berýän tekliplerini döwlet syýasatynda hem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alyp barýan işlerimizde hem giňden peýdalanmalydyrys” diýip belleýär.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda täze okuw ýylyda başlandy. Institutymyzyň professor-mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny “Bilimler we talyp ýaşlar güni” bilen gyzgyn gutlaýaryn. Okuw ýylynyň başynda institutymyzyň talyby, ýaşlar baýragynyň eýesi, “Ýylyň talyby” bäsleşiginiň ýeňijisi, ýaş alym Atdaýew Ýazmyrat bilen söhbetdeşlik etmegi makul bildim.
- Ýazmyrat, ilki bilen sizi täze okuw ýyly we “Bilimler we talyp ýaşlar güni”
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Söhbetimiziň başyny ýüregiňizde beslän arzuwlaryňyz bilen başlaýalyň!
- Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýene bir täze okuw ýyly başlandy. Menem öz gezegimde Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, professor-mugallymlarymyzy, talyp deň-duşlarymyzy täze okuw ýyly we “Bilimler we talyp ýaşlar güni” bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, täze okuw ýylymyz şowly ýyllaryň biri bolup uly-uly üstünliklere beslensin.
- Sag boluň Ýazmyrat. Ýazmyrat, siz geçen okuw ýylynda Ýaşlar baýragynyň
eýesi we Ýaş alym diýen hormatly atlara eýe bolduňyz. Bu atlara eýe bolmakda çeken zähmetiňiz barada aýdyp beräýseňiz.
- Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen ýaşlaryna öz zehinlerini,
oýlap tapyşlaryny açyp görkezmekde giň mümkinçilikler döredilendir. Men okuwa giren ilkinji günlerimden ders bäsleşiklerine, taslama bäsleşiklerine taýýarlanyp birnäçe bäsleşiklerde ýeňiji boldum. Mundan başgada professor-mugallymlaryň bize berýän nazary bilimlerini amalyýetde ornaşdyrmak meniň iň esasy maksatlarymyň biri boldy. Şu maksat bilen öz pikirlerimi mugallymlarymyz bilen paýlaşyp täze işleri döretdim. Özümiň ýakyn hemram kitaplar edinip, birnäçe zatlar öwrendim. Ýeri gelende bellesem, Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary meniň gözleglerimiň açary boldy. Gahryman Arkadagymyz hemaýata mätäç çagalara goldaw bermekde uly tagallalar edýär. Men hem Gahryman Arkadagymyzyň bu işinden nusga alyp Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryny özünde jemleýän “Arkadag” mobil programmasyny döretdim. “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýilişi ýaly, bu işim bilen “Ýaş alym -2024” bäsleşiginde çykyş edip ýeňiji boldum.
- Ýazmyrat, bu okuw ýylynda göz öňünde tutýan işleriňiz barada aýdaýsaňyz.
- Şu günler täze okuw ýylymyzyň ilkinji günleri dowam edýär. Ilkinji günlerde
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän ynamyny ödemek maksady bilen öňkimizden has köp okap, döwlet we halkara derejesinde geçiriljek ders bäsleşiklerinde we ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi, Hormatly Prezidetimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri hem parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty esasynda ýurdumyzda geçirilýän halkara derejesindäki maslahatlara, sergilere işjeň gatnaşyp, dost-doganlygy berkitmekde we halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmekde öz goşantlarymy goşmagy maksat edinýän. Türkmen ýaşlarynyň okamagy, öwrenmegi we täze pikirlerini açyp görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli edýän işlerinde uly üstünlikler arzuw edýän.
- Sag boluň, Ýazmyrat. Tutan maksadyňyz myradyna ýetsin. Bizem size
okuwda, döredijilik işleriňizde, döwlet we halkara bäsleşiklerinde, ýaryşlarynda üstünlik gazanmagyňy arzuw edýäris.
Ösüp gelýän ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, Watansöýüji çuňňur bilimli edep – terbiýeli, il-gününe wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Ýaşlaryň geljekde döwrüň talabyna laýyklykda ýokary derejelerde taýýarlykly hünärmenler hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň at abraýyny has-da belende götermekden, ösen tilsimatlardan başarjaň peýdalanmaklary barada hem bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde täze okuw okuw ýylynyň başlanmagy we “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, professor-mugallymlarymyzy, talyp ýaşlary tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bazargeldi Sapargeldiýew
“Ýokary matematika” kafedrasynyň mugallymy