TÄZE OKUW ÝYLYNYŇ BOSAGASYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe düýpli ösüşleriň ýoluna düşen Türkmenistan döwletimiz sözüň doly manysynda ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynamlar bilen öňe barýar. Bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän jennet mekanyna öwrülýär. Eziz Watanymyzyň giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek hasaplanylýar.

Toýly Diýarymyzyň goýny her gün aýdym-saza beslenýär. Ynha, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabry ýetip geldi. Ertir ýurdumyzyň ähli künjeginde ajaýyp baýramyň, ýagny, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň toý şowhuny alyslara ýaň salar. Ýaş nesillere gujak açýan ak mekdepleriň howlusynda baýramçylyk dabaralary guralar, 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň buşlukçysy bolup, ilkinji jaň sesi belentden ýaňlanar. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli diňe bir orta mekdeplerde däl, eýsem, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe bolar.

Her ýylyň sentýabr aýynyň 1-inde döwlet derejesinde geçiril ýän «Bilimler we talyp ýaşlar güni» hemişe uly dabara beslenip, şatlyk-şowhun we baýramçylyk esasda bellemek däbe öwrüldi. Şol sanda biziň bilim ojagymyz bolan Aşgabat şäheriniň günbatar bölegindäki Türkmenistanyň Inžener-tehniki  we ulag kommunikasiýalary institutynda hem bu baýram uly dabara beslenýär. Şeýle pursatlar «bagtyýar döwrüň talyby» diýen belent ada mynasyp bolan ýüzlerçe ýaşlaryň ilkinji gezek ýokary okuw mekdebiniň gapysyndan ätleýän pursatlary bilen sazlaşyp gidýär. Şu ýyl, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýokary okuw mekdebimize alty ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy iş tejribesini ulanmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmäge, tutus bilim ulgamynyň innowasion ýol bilen ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi ýaşlarda bilim almaga bolan höwesi artdyrýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň orta mekdepleri bilen bir hatarda, ähli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze okuw ýylyna doly taýýarlyk görüldi. Şeýle okuw mekdepleriniň hatarynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki  we ulag kommunikasiýalary ýokary okuw mekdebi hem bar. Kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu ýokary okuw mekdebi ýaşlar döwrebap bilim alyp, geljekde milli ykdysadyýetimiziň ösmegine mynasyp goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişerler.

Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly Serdarymyza ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplary çäksiz hoşallygyny bildirýärler.

Bilimler we talyp ýaşlar güni hakynda oýlananyňda, şu günki döwrüň ýaşlarynyň, diýseň, bagtyýar döwürde ýaşaýandyklary, olaryň bagtyýar döwrüň ýaşlarydygy baradaky duýga berilýärsiň. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýyşlary ýaly, şu günki ýaş nesle Watanyň geljekki ykbaly ynanylýar. Şeýle belent ynama wepaly bolmak biziň ýaşlarymyzyň her biri üçin belent borçdur. Şol mukaddes borçdan ugur alýan talyp ýaşlar institutymyzyň bosagasyndan uly ynam bilen ätleýärler. Bizem olary ajaýyp baýramçylyk bilen gutlap, olara bilimler dünýäsinde täze üstünlikleri arzuw edýäris.

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.