Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji tylla güýzüniň ilkinji güni ýaňlanan jaň sesi täze okuw ýylynyň başlanandygyny buşlady, geljekki bilim belentliklerine badalga berdi, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary uly ruhubelentlik bilen bilim ojaklarynyň gujagyna doldular. Ýaş nesil, ýurduň röwşen geljegi bilen bagly bu sene Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has-da möhüm ähmiýete eýe boldy. Okuw ýylynyň ilkinji güni täsin, ýatda galyjy pursatlara beslendi. Bagtyýar döwrüň talyby diýen belent ada mynasyp bolan ýüzlerçe ýaşlarymyz talyplyk dünýäsine gadam basdylar.
Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, höwes edýän hünärlerini ele almaklary, ylmy-intellektual, medeni, sport we döredijilik taýdan kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesle häzirki zaman ülňülerine gabat gelýän umumy orta we ýokary bilimiň berilmegi, sanly bilim ulgamynyň hem innowasion tehnologiýalaryň ösdürilmegi, daşary ýurt dilleriniň okadylyş usullarynyň kämilleşdirilmegi, tebigy we takyk ugurlara degişli dersleriň çuňlaşdyrylyp okadylmagy babatynda ýerine ýetirilýän işler öz oňyn netijelerini berýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.Ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde olaryň öz saýlap alan hünärlerini öwrenmekleri esasy şertleriň biri bolup durýar. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Döwlet ähmiýetli taslamalary ýerine ýetirmek üçin, göz öňünde tutulan maksatnamalaryň ählisini durmuşa geçirmek üçin, ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy örän wajypdyr. Ussat hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurduň ösüşini täze basgançaklara çykarmaga uly itergi berýär. Institutyň professor-mugallymlary talyplaryň saýlap alan ugurlaryndan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli tagalla edýärler.
Arkadagly Serdarymyzyň döwleti dolandyrmak, ösdürmek baradaky ylmy taglymatynda sanly ykdysadyýete, täze tehnologiýalara uly orun berilýär. Dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegi gönüden-göni täsir edýär, şunlukda, nazary, amaly bilimleriň we maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýeti artýar. Ýokary okuw mekdebimiziň baş maksady ýurdumyzyň innowasion ulgamyny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Ýokary okuw mekdebimiziň esasy wezipeleri ýaşlaryň bilimini çuňlaşdyrmakdan we giňeltmekden, düýpli we ylmy-amaly barlaglary guramakdan hem-de geçirmekden, hünärmenleriň we ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamakdan ybaratdyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumyny, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasyny, umumy ýaşaýyş jaýyny, sport desgasyny we aýlawly ýolda monumenti gurmak bilen bagly döwletli işlere badalga berilmegi ähli bilim işgärlerini buýsandyrdy, toý şatlygymyzy artdyrdy. Şeýle hem baýramçylyk gününde Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy kämil ylym-bilimli, döwrebap nesli kemala getirmek babatdaky köpugurly tagallalaryň yzygiderli häsiýete eýedigini tassyklaýar.
Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar öz miwesini-de berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Şeýle işleriň düýp mazmunyny ýaş nesillere düşündirmek wajypdyr. Çünki geljekki watançy nesil şu gün kemala gelýär, şeýlelikde, olar özleri hakda döwlet tarapyndan edilýän aladany hemişe duýup ýaşamalydyr.
Ýaşlaryň döredijilik zähmet çekmegi, halal ýaşamagy hem-de yhlasly okamagy üçin hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ahli mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy aýdýarys.
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.