TÄZE EÝÝAMYŇ YLYMLY- BILIMLI ÝAŞLARY

Hususan-da, paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, obadyr şäherlerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdeplerdir çagalar baglary, aň-bilim we döredijilik merkezleri yzygiderli gurulýar, olar döwrebap okuw tehnologiýalary, interaktiw-multimedia enjamlary bilen üpjün edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen ylym-bilim, maglumat-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan mynasyp goşandyna berlen ýokary bahadyr.

Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň bilim giňişliginde we halkara gatnaşyklarynda örän möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä dillerini bilýän ýaşlaryň täze nesli kemala geldi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki günde möhüm meseleler babatda köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, giň dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe çemeleşmelerdir ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara uly orun berilýär.

 Mährijemal GURBANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň  Logistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.