Täze eýýamyň ýeňişli ýollary.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri ,Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda milli sporty dünýä derejesine çykarmak ,türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri gazanmaklarynda Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrmak ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrylýar.Uly sport ýaryşlarynyň ýurdumyzda yzygiderli guralmagy we türkmen türgenleriniň abraýly halkara bäsleşiklere gatnaşyp gazanýan ýeňişleri bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr.Häziriki günde hem biziň ýokary okuw jaýymyzdy ýaş türgen talyplary sportyň iň saýlama ýaryşlarynda üstünlik gazanyp ,uly ýeňişleri bilen yzygiderli begendirýärler. Ýaş türgenlerimiziň täze ýeňişleri bilen türkmen sportunyň abraýyny belende göterýärler. Şunyň netijesinde mysal edip ýagny ýakynda bolup geçen 2023-nji ýylyň dekabyr aýynyň 12-ne Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň “Karatedo” görnüşi boýunça geçirlen türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşynda ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Inžener -tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 1-nji ýyl talyby Nazrow Myrat 84 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip 1-nji oruna mynasyp boldy.Mehanika tehnologik fakultetiniň Ýer üsti ulag-tehnoligiki serişdeler hünäriniň 1-nji ýyl talyby Annaýew Jeýhun“Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar” ýylynda 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-18-i aralygynda Erkin göreş boyunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda 97kg agram derejede çykyş edip 3-nji oruna mynasyp boldy. Demir ýol ulaglary fakultetiniň Lokomotiwler hünäriniň 1-nji ýyl talyby Mätijanow Käbe “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar” ýylynda 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-18-i aralygynda Erkin göreş boyunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda 57kg agram derejede çykyş edip 1-nji oruna mynasyp boldy.Watanymyzyň gülläp ösmeginde ,ony dünýä tanatmakda we halkara ýaryşlaryda baýrakly orunlary eýelemekde ,türgenlerimiziň ýeňişlerine ýokary netijeli sportuň,sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz etmekde,sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilýänligi üçin döwlet baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza köp köp sag bolsun aýdýarys goý olaryň janlary sag,ömürleri uzak bolsun.

 Halydow Arslan,

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

Halypa Mugallym Saparow Begenç