Täze eýýamyň bilimli, hyjuwly ýaşlary!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdumuhamedowyň tagallalary bilen 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy aldyk. 2024-nji ýyly Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp,“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilmegi bizi has hem buýsandyrdy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeler amala aşyrylýar, ajaýyp ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem batly gadamlar bilen ösýär. Munuň özi ýaşlaryň täze taryhy döwürde kämil bilim alyp, ylym öwrenip, ösüşlere mynasyp goşant goşmaga bolan hyjuwyny we ynamyny has-da artdyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar öz miwesini berýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunynalaýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi jemgyýetiň bitewiligini, berkligini, agzybirligini we jebisligini aňladýar. Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek” taslamasyny durmuşa geçirmegiň birnäçe tapgyrlarynyň çäklerinde Milli bilim institutynyň binýadynda yzygider okuw sagatlary, hyzmatdaşlar hem-de halkara derejeli bilermenler bilen duşuşyklary, okuw maslahatlary we dünýä tejribesini ulanmagyň hem-de okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan aň- bilim çäreleri geçirilýär. Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwer ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilendüzümleri (ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitaby diňe ýaşlar üçin däl-de, eýsem, tutuş türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardyr.Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we Ulag kommunikasiýalary institutynyň ýaş zehinli talyplary Halkara derejesindäki ders ýaryşlaryna gatnaşdylar.Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ”Ulaglar” fakultetiniň “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň “Gämi gurluşygy” hünäriniň 3 ýyl talyby Magtymgulyýew Begenç iňlis we hytaý dillerinden geçirilen bäsleşikde we “Gämileriň energetiki desgalaryň ulanylyşy hünäriniň 3 ýyl talyby Ereşow Bagtyýar kompýuter inžener we kompýuter grafikasy boýunça V internetders bäsleşiginde I orna mynasyp boldular. Kalby hyjuwly talyp ýaşlarymyz özleriniň başarnyklaryny görkezýärler. Geljegimiziň dowamy bolan ýaşlar dünýäniň dürli künjeklerinde bilim alýarlar.Ulaglar fakultetiniň Suw ulagynyň Ulanylyşy kafedrasynda bilim alýan talyplar geljekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda işlejek hünärmenlerdir. Şeýle bilimli we ylymly ýaş hünärmenleriň bolmagy bizi has hem buýsandyrýar, guwandyrýar. Biziň institutymyzyň uçurymlary portuň ähli bölümlerinde zähmet çekýärler. Geljekde Koreýa Respublikasy bilen bilelikde gurulmagy göz öňünde tutulýan täze gämileriň gurlyşygyna gatnaşyp, önümçilikde öz bilimleriniň has hem artdyrarlar. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belentde götermelisiňiz diýmek bilen türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Goý, bilim ulgamyny ösdürmekde türkmen halkynyň gelejegi üçin arman-ýadaman zähmet çekýän Arkadagymyzyň, Arkadagly Prezidentimiziň jany sag,alyp barýan işleri mundan beýlek-de rowaç alsyn!


Gurjanowa Gülşirin Türkmenistanyň Inžener-tehniki

we Ulag kommunikasiýalary institutynyň

SUU kafedrasynyň mugallymy