TALYPLYGA DALAŞGÄRLERIŇ RESMINAMALARY BÖKDENÇSIZ KABUL EDILÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ylym-bilim ulgamy aýratyn ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berlip, onuň üçin möhüm şertler döredilendir. Biz muňa baýry ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary  institutynda ýerine ýetirilýän işlerden göz ýetirmek bolýar. Şu günler bu baýry bilim ojagyna talyplyga dalaşgärlerden welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde resminamalary kabul etmek işi guramaçylykly dowam edýär. Işleriň ir säherden tä giç öýläne çenli ýola goýulmagy resminamalary kabul etmekligi bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berýär. Kabul ediş toparynyň agzalary dalaşgärlere resminamalary tabşyrmakda zerur kömekleri berýärler. Talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde degişli bilim ojaklarynda ýola goýuldy. Resminamalaryň kabul edilýän mekdeplerinde ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulypdyr. Şu günler degişli bilim ojaklarynda ýörite döredilen iş toparlary hereket edip, degişli ýokary okuw mekdebimize girmek isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul edýärler. Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklap, giriş synaglarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiz döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň we türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk has-da kämilleşmeginiň bilim-ylym, önümçilik bilen baglanyşykly alnyp barylmagy barada uly tagalla edýär. Ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlar resminamalaryny tabşyrýarlar. Bu möhüm we jogapkärli wezipäni guramaçylykly geçirmek üçin işler talabalaýyk alnyp barylýar. Saýlap alan ýokary okuw mekdeplerine girmegi üçin ýaşlaryň, ilkinji nobatda, lukmançylyk barlaglaryndan geçmegi zerurdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän saglyk öýlerinde dalaşgärleriň saglyk ýagdaýyny barlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplygyna dalaş edýän raýatlary lukmançylyk barlaglaryndan geçirmek boýunça hem möhüm işler göwnejaý ýola goýuldy. Şu günlerde saglygy goraýyş müdirligi tarapyndan berkidilen tejribeli rentgen, barlaghana, göz-gulak-bokurdak, deri, psihiatr, narkolog, göz, diş lukmanlaryndan düzülen ýörite topar tarapyndan dalaşgärler lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýär we olara bellenilen nusgada saglygy baradaky kepilnamalar berilýär.

 Ýokary okuw mekdebimize kabul etmegiň tertibi we olardaky hünärler bilen tanyşdyrýan diwarlyklar görnükli ýerlerde goýlupdyr. Talyplyga dalaşgärler şol diwarlyklar arkaly özlerini gyzyklandyrýan, höwes edýän hünärler boýunça gerekli maglumatlary alyp bilýärler. Degişli bilim ojaklarynyň mugallymlary dalaşgärleriň gyzyklanýan sowallaryna jogap we degerli maslahatlaryny berýärler, talyplar bolsa, resminamalary dogry doldurmak bilen baglanyşykly olara ýardamyny gaýgyrmaýarlar. Bu bilim ojagynda okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek üçin ýörite iş topary döredildi. Dalaşgärleriň resmi iş kagyzlarynyň kabul edilýän ýerinde her fakultet boýunça ýörite ýazgylar esasynda ýaşlara gerekli maglumatlar berilýär. Okamaga isleg bildirýän ýaşlar bu ýerde özlerini mähir bilen garşylaýan, gyzyklanýan sowallaryna anyk jogap almaga mümkinçilik döredýän, resminamalaryny kabul edýän mugallymlardan örän hoşaldyklaryny aýdýarlar. Ýaşlarymyzda bilim almaga, hünär öwrenmäge, kämil hünärmenler bolup ýetişmäge, Watanymyzyň beýik ösüşlerine goşant goşmaga höwes ýokary. Munuň şeýledigine resminamalaryň kabul edilýän häzirki jogapkärli möwsümde iş toparlarynyň hereket edýän ýerlerinde bolanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bilim ojaklaryň ýany diýseň köp adamly.

Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylymly-bilimli, öz saýlan kärine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Ähli amatlyklar döredilen döwrebap okuw mekdeplerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň binýadynda bilim bermek işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem orta mekdebi tamamlan, ýokary bilim almaga höwesli ýaşlaryň ençemesi giriş synaglaryna gatnaşarlar. Şunda okuwa zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek üçin ýörite jemgyýetçilik gözegçiligi ýola goýlar.

Resminamalaryny tabşyrmaga gelen ýaşlaryň islendigi bilen gürrüňdeş bolanymyzda ýüreginde beslän arzuwlaryny buýsanç bilen paýlaşýarlar. Olaryň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby bolmak bagtydyr. Biz hem ýaşlarymyzyň ýürekde beslän arzuwlarynyň myrat tapmagyny arzuw edýäris. Biz ýürekleri arzuwlardan doly ýaşlara saýlap alan hünäri boýunça talyp bolmak bagtyna eýe bolmakda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.


Aman HOJALYÝEW

Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika kafedrasynyň mugallymy.