Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde Bilimler we talyp ýaşlar gününe uludan taýýarlyk görülýär. Bu şanly sene okuwçylardyr orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, bilim işgärleri üçin ýatdan çykmajak baýramçylyklaryň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň müňlerçesi ak ýollara ýollanma alyp, ýokary okuw mekdebiniň talyby boldy. Olaryň arasynda geljekde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy nebitgaz senagatynda zähmet çekjek ýokary bilimli ýaş hünärmenler hem az däl. Biz rowaçlyklara beslenýän üstümizdäki ýylda ulag we kommunikasiýa toplumynyň pudaklary, edara-kärhanalary, önümçilik, ylmy düzümleri üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetine okuwa giren talyplar bilen gürrüňdeş bolduk. Olaryň ýürek buýsanjyny institutymyzyň saýtynda okyjylar köpçüligine ýetirýäris.
Şirguly ALLAMYRADOW,
Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda meniň durmuşymda ýatdan çykmajak waka boldy. Çagalykdan awtomobil pudagyna bolan söýgim, yhlasym bu günki gün meni Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna alyp geldi. Ajaýyp döwrümiziň bagtly talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigine diýseň begenýärin. Talyp bolmak çagalyk döwrümiň, mekdep ýyllarymyň arzyly arzuwlarynyň biridi. Bu gün şol arzuwym wysal boldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde bagtdan paýly ýaşlaryň uly topary bilen birlikde, ýokary okuw mekdebiniň bosagasyndan gadam basýandygyma, bu ýerde döwrebap bilim almaga, hünär öwrenmäge mümkinçilik alýandygyma şatlygymyň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyz: «Ähli gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrman, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak watansöýüji nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr» diýip, ýaşlara gymmatly sargyt edýär. Milli Liderimiziň bu sargydy her ädimimizde ýol-ýörelgämiz bolar. Nesip bolsa, saýlap alan ugrumdan ýokary bilim alyp, geljekde ýurdumyzyň awtomobil ulgamynyň uly sepgitlere ýetmegi we bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagy babatdaky tagallalara mynasyp goşandymy goşaryn. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödärin. Goý, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň gülläp ösüşi, eşretli geljegimiz ugrunda durmuşa geçirýän işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Akmaral NAZAROWA,
Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— Hormatly Prezidentimiziň gülledip ösdürýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp bolmak bagtynyň maňa-da miýesser edendigine begenjimiň çägi ýok. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýary instititynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünärine okuwa girdim.
Mähriban ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ýaşlara baglydyr. Biz oňa oňat düşünýäris. Bildirilen ynama jogap edip, ýokary okuw mekdebinde öwrenjek hünärimizi düýpli ele alarys.
Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almagy, göwün söýen hünärini öwrenmegi üçin döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, bilimleri çuňňur özleşdirip, saýlap alan hünärimi doly ele alyp, geljekde ökde hünärmenleriň biri bolup ýetişmäge çalşaryn.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda orta mekdebi üstünlikli tamamlap, talyp bolmak goşa bagt we goşa şatlykdyr. Biz — ýaşlar okamaga, hünär öwrenmäge we eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Eziz Watanymyza, il-günümize, türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize ak ýürekden hyzmat etjek hünärmenler bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys.
Ähli deň-duşlarymy 1-nji sentýabrda döwlet derejesinde belleniljek Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Merjen GUWANJOWA,
Ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— — Ynsanyň ýüreginde beslän süýji arzuwlarynyň hasyl bolmagy ajaýyp pursat bolup, onuň ömrüne egsilmejek şatlyk eçilýär. Bagtyýarlygyň joşguny kalbyňa çäksiz güýç-kuwwat bagyşlaýar. Ýaşlygyň gujur-gaýratyny haýyr işlere sarp edip, özüňe ynanylan tamany ödäsiň gelýär. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde ylym-bilim ösdürilýär, sportda täze üstünlikler gazanylýar. Ylym-bilime, sporta bolan höwesim ýaş kalbymda berk ornaşdy. Bu günki gün arzuwym hasyl boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly meniň üçin iň bir bagtly ýyl boldy. . Men orta mekdebi şu ýyl üstünlikli tamamlap, Inžener-tehnologlaryň institutynyň ýerüsti ulaglaryň tehnikasy we tehnologiýalary ugrunyň Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäri boýunça okuwa girdim.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, eziz Diýarymyza halal hyzmat etmek, biz — ýaşlaryň baş maksadydyr. Türkmen ýaşlaryna bildirilýän belent ynama wepaly bolmak üçin yhlasly okap, döwletimiziň geljekki ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmaga çalşarys.
Ýaş nesliň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Meýlismyrat GÜNDOGDYÝEW,
Ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
—Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzda sowatly, edep-terbiýeli, ösen aň-düşünjeli ynsanlary, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri kemala getirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklary ulanylmaga berlip, okuw maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Köplerde bolşy ýaly, ýokary bilim almak meniňem uly arzuwym. Ine, şu niýet bilen paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäri boýunça resminamalarymy tabşyrdym. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçdim. Biz ähli amatly şertler bilen üpjün edilen umumyýaşaýyş jaýyna ýerleşdik. Talyplyk gözel ýaşlygyň iň ajaýyp döwri. Döredilen amatlyklardan netijeli peýdalanyp, orta mekdepdäki ýaly, diňe gowy bahalar bilen okarys, köpçülik işlerine hem işjeň gatnaşarys.
Döwletimiz tarapyndan ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler bize ylym-bilim ummanyny gulaçlap, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň abraý-mertebesini beýgeltmek ugrunda alyp barýan beýik işlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmaga ruhlandyrýar. Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Taýýarlan Oguljan AÝNAZAROWA,
Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň müdiri.