Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ylym-bilim almaga amatly şertler döredilýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, okuw prosesinde innowasion tehnologiýalary we okatmaklygyň interaktiw usullaryny ornaşdyrmak, şeýle hem institutda döwrüň talabyna laýyk gelýän tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen dershanalar we döwrebap ylmy-barlag tejribehanalary bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek işleri yzygiderli ýola goýulýar.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň uly depginler bilen ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişmeli talyp ýaşlara bu günki gün ýokary okuw mekdebindäki häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan enjamlarda, şeýle hem dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan tejribehanalarda tejribelik okuwlarynyň döwrebap geçirilmegi, talyplaryň nazary bilimleriniň has-da kämilleşmegine uly şert döredýär. Sanly ulgamy ulanmak arkaly geçirilýän döwrebap okuwlarda talyplar hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalar, şeýle hem sanly ykdysadyýetimiziň ösüşleri barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar.
Arkadagly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynda uly buýsanç döredýär hem-de şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.