Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, talyplaryň önümçilik okuwlarynyň döwrebap guralmagy hem yzygiderli üpjün edilýär. Ýokary okuw mekdebiň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlar yzygiderli ýurdumyzyň döwrebap kärhanalarynda göçme-önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliklerinde talyplar Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar.
Ýakynda, “Ahalwelaýatagyzsuw” birleşiginiň “Gökdepeagyzsuw” müdirliginiň “Lagym arassalaýjy desgasynda” geçirilen göçme önümçilik-tejribeliginde talyplar hünärmenleriň gürrüň bermeginde bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan lagym arassalaýjy enjamlaryň dürli görnüşleri, desgadaky suw üpjünçilik we hapalanan suwlary akdyryş we arassalaýyş ulgamlarynyň işleýiş usullary, ýokary kuwwatlylyga eýe bolan kompressorlar we sorujylar barada zerur bolan maglumatlary aldylar, şeýle hem desganyň barlaghanasynda ýerleşdirilen döwrebap enjamlar arkaly arassalanan suwuň düzüminiň barlanyşynyň usullary bilen ýakyndan tanyşdylar. Tejribeligiň dowamynda mugallymlaryň we talyplaryň interwýulary gurnaldy.
Göçme tejribeligi “Altyn Asyr” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.