Talyplarymyzyň guwandyryjy üstünligi

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan bilim syýasatynyň we düýpli bilim özgertmeleriniň netijesinde milli bilim ulgamy güýçli depginler bilen ösdürilýär, bilim-terbiýe bermek we hünär öwretmek işi barha kämilleşýär. Munuň şeýledigine institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, gazanýan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär.Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan we uly depginler bilen ösýän döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, ýiti zehinli we başarjaň, özbaşdak işlemäge ukyply ýaşlary, ussat hünärmenleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, talyp ýaşlaryň bilimini has-da çuňlaşdyrmak, olarda bilime we ylma bolan höwesi artdyrmak, özbaşdak işlemek ukyplaryny ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 19-23-i aralygynda Matematika, Fizika, Informatika, Materiallaryň garşylygy, Inžener grafikasy derslerinden ders bäsleşigi geçirildi.

Şowhunly el çarpyşlaryň astynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Diplomyna mynasyp bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň begenji, Hormat hatyň eýesi bolan mugallymlarymyzyň buýsanjy has-da täsirli boldy. Has takygy, talyplarymyz 1-nji oruna Baýlyýew Ýalkap Demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby; 3-nji oruna Baýramow Şöhrat Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby ýerleri eýelemegi başardylar. Biz talyplarymyzyň üstünligine begenýäris.Biz hem ýeňiji talyplarymyzy gazanan üstünligi bilen gutlaýarys!

 Bu ders bäsleşigine taýýarlanmak üçin ýokary mekdebimizde goşmaça amaly we tejribe sapaklary geçirildi. Talyp ýaşlara bilim-terbiýe bermekde zähmetini gaýgyrmaýan mugallymlaryň arasynda halypa-şägirtlik ýörelgesine uly üns berilýär, çünki islendik işde halypalyga ýetişen mugallymlara daýanylýar. Olaryň baý zähmet tejribesi talyp ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýar. Olaryň bar ýerinde işiň kyn ýeri ýok. Talyp ýaşlara halypalyk goluny uzadyp, bäsleşiklere taýýarlan halypalaryň hatarynda institutymyzyň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy Bazargeldi Sapargeldiýewiň adyny buýsanç bilen tutmak bolar. .

 «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyny goldaw bermek ýerlikli wezipe bolup durýar. Şu wezipeden ugur alyp, biz bilim işgärleri ýaş nesliň Watanymyza, hormatly  Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.