TALYPLAR ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINI ÜSTÜNLIKLI TAMAMLADYLAR

Ozal habar berilişi ýaly, institutymyzyň talyp ýaşlary 2023-nji ýylyň 22-nji iýuny-19-njy iýuly  döwründe ýurdumyzyň ulag we kommunikasiya pudagyna degişli edara-kärhanalarynda önümçilik tejribeligini geçmeklik bellenilipdi. Häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda Hormatly Prezidentimiziň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Şolaryň oňyn çözülmegi üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda uly aladalar edilýär. Professor-mugallymlarymyz enjamlaşdyrylan okuw otaglarymyzda, tejribehanalarymyzda, ussahanalarymyzda, synag meýdançalarymyzda okatmagyň oňaýly usullaryndan peýdalanyp, umumy, amaly, söhbet we tejribe okuwlaryny guraýarlar. 

Geljekki ýaş hünärmenleriň durmuşynda tejribelik aýratyn orun eýeleýär. Çünki nazaryýetde alnan bilimleri tejribe arkaly berkitmek hökmany talapdyr. Şonuň üçin ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamasynda tejribelige aýratyn sagatlar bölünip berilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiň ulag  we kommunikasiýa pudagynyň ýörite hünärmenlerini taýýarlaýan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary hem öz bilim alýan ugurlary boýunça edara-kärhanalarda tejribelik geçdiler. Institutyň talyplary ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagyna degişli edara-kärhanalarynda tejribelik geçmek bilen, nazaryýetde alan bilimleriniň iş ýüzünde amal edilişini öwrendiler. Dürli amallary dürs we öz wagtynda, hiç bir ýalňyşsyz berjaý etmegiň hötdesinden gelmek üçin ylmyň hem amalyýetiň berk baglanyşyklydygyna anyk göz ýetirip, ulag we kommunikasiya pudagynyň işiniň talaplary bilen ýakyndan tanyş boldylar. Ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamynda sanly tehnologiýalar işjeň ulanylyp, olar şol bir wagtda dünýä halkara ulag ulgamynyň düzüm bölegi bolmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde aýratyn orun eýeleýär. Şeýle bolansoň ol ýerde işlemek üçin ökde hünärmen bolmagyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Biziň institutymyzyň Ulaglar, Demir ýol ulaglary, Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar, Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary, Mehanika-tehnologik fakultetleriniň talyplary ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda tejribelik geçip, öz saýlap alan hünärleriniň inçe syrlaryny iş ýüzünde öwrendiler. Institutymyzda bilim alýan ýaşlara hünäri boýunça iňlis, rus dilleriniň öwredilmegi, olaryň halkara derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň ýol açýar. Okuw işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler talyplaryň nazary bilimleri çuňňur özleşdirmegine önümçilik tejribesini toplamagyna ýardam edýär. Tejribe otaglarda we okuw ussahanalarynda geçilýän okuw tejribede talyplar öwrenen bilimlerini berkidýärler, tejribelik başarnyklaryny ösdürýärler. Önümçilik kärhanalarda geçilýän okuw – tanyşdyryş tejribeligi döwründe talyplar abatlaýyş zawodlardaky we ussahanalardaky işlere gatnaşyp, olar bilen içgin tanyşdylar. Talyp ýaşlarymyz okuw ýylynda özleşdiren bilimlerini, başarnyklaryny ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki ulag we kommunikasiýa kärhanalarynda, ussahanalarynda geçilýän abatlaýyş önümçilik tejribeligi jemlediler. Talyplar sökme – ýuwma, näsazlyklary kesgitleme, synag etme işlerine gatnaşyp, dürli hünärleri özleşdirdiler. Däp bolşy ýaly, her okuw ýylynyň ikinji ýarymynda özara kabul edilen ylalaşyk esasynda ýokary hünär mekdebimiziň talyplary önümçilik tejribeligini geçmäge edara-kärhanalara ugradyldy. Okuw döwrüniň aýrylmaz bölegi bolan önümçilik tejribeligi möwsümini talyplar uly üstünlikli tamamladylar. Bu bolsa talyplaryň — geljekki hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň zerur bolan iş endiklerine eýe bolmagyna ýardam edýär.

      Täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýan önümçilik birleşiklerinde, edara-kärhanalarynda, toplumlarda zähmet çekmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin institutda döwrebap täze hünärler yzygiderli açylýar. Şeýle-de şu okuw ýylynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Indi dalaşgärler demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünärleri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ugurlary esasynda bolsa bakalawr maksatnamasyna laýyklykda öz resminamalaryny tabşyryp bilerler. Bu ýerde taýýarlanylýan inžener-tehniki hünärmenleriň täze nesli Diýarymyzyň ykdysadyýetini, şol sanda ulag pudagyny has-da döwrebaplaşdyryp, kommunikasiýa pudaklaryna daýanýan ykdysadyýeti hil taýdan täze derejä göterip, ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna çykarmaga öz goşandyny goşýarlar. Şunlukda, ýurdumyzyň ulag pudagy hemde ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary bilimli hünärmenleriň — inženerleriňdir tehnologlaryň, mehanikleriň täze nesli kemala gelýär.

         Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda kämil ýaşlaryň, ösüp barýan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, giň düşünjeli, sagdyn bolup ýetişmegi üçin möhüm şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýaty, döredip berýän şertleri institutymyzyň talyplaryny täze üstünliklere, has uly ýeňişlere ruhlandyrýar. Biz — mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň her bir amala aşyrýan täzeçilligini, zamanamyzyň özgerişlerini ýaş nesliň kalbyna many şireliligi bilen ýetirmegi özümiziň iň mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Munuň özi ýaşlarda watançylyk ruhuny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Sebäbi zamanamyzyň joşguny ýaşlarymyzyň kalbyna siňip, olary geljekde uly-uly sepgitlere atarýar. Şu hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp durmuş mekdebidir. Her birimiziň kalbymyzy joşguna besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!


 

Ogulbaýram HATJYÝEWA, 

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.