Talyplar hünär başarnyklaryny tejribede özleşdirýärler

Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň hem üstünlikleridir. Türkmenistanyň ýaş raýatlaryna döwrebap bilim almak, geljekki hünärini saýlamak, öz zehinlerini we başarnyklaryny doly açyp görkezmek, öňde goýan maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly, şol sanda kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylan häzirki zaman okuw mekdepleriniň giň ulgamyny döretmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat şeýle asylly maksatlaryň hasyl bolmagyna ýardam edýär. Biziň zamanamyz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýokary derejeli, hemmetaraplaýyn bilimli, döredijilikli pikirlenýän, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

 Geljekki  hünärmenleriň zähmet ukybyny häzirki  zamanyň talaplaryna gabat getirmek we  önümçilik şertlerinde innowasiýalar bilen  tanyşdyrmak üçin önümçilik tejribeligini geçmegi örän möhümdir. Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyñ  talyp ýaşlary hem okuwda  özleşdiren bilimlerini  önümçilikde ornaşdyrmak maksady bilen,ýurdumyzyñ ulag ulgamyna degişli edara-kärhanalarda, şeýle hem guramalarda,pudaklarda önümçilik   tejribeligini geçýärler.

Önümçilik tejribeligiň esasy maksady — bu geljekki ýaş hünärmenleriň ele   aljak kärini gowy bilmegine mümkinçilik bermegidir. Talyp ýaşlar tejribe we nazaryýet bilimlerini umumlaşdyrmak bilen çäklenmän, geljekki käriniň wezipe borçlary bilen hem iş ýerinde tanyşýarlar.

Ýokary okuw mekdebinde nazary bilimler bilen bilelikde okuw tejribeligi ýokary hilli alnyp barylýar. Nazary sapaklarda öwrenilen maglumatlary institutda ýörite hereket edýän okuw-tejribe hojalygynda halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda tejribede amal edilýär. Okuw we önümçilik tejribeliklerinde talyplar diňe bir maglumat toplamak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň gazananlarynyň ýola goýluşy bilen tanyşýarlar.

Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, institutda okuw we önümçilik tejribelikleriniň nazary okuwlar bilen utgaşdyrylyşyny döwrebap guramak hem-de kämilleşdirmek işleri ýörite düzülen iş meýilnamasy esasynda alnyp barylýar.

Ýokary okuw mekdebinde tomusky okuw we önümçilik tejribeliklerini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň ulag we kommunikasiýa edara-kärhanalary bilen şertnama baglaşylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şertnama hünärleriň tassyklanan okuw meýilnamalaryna esaslanyp, talyplaryň okuw we önümçilik tejribeliklerini okuw meýilnamasyna görä, bellenen möhletlerde, hünärine laýyklykda, ýokary derejede geçirmek göz öňünde tutulyp düzüldi.

Önümçilikde esasy maksatlaryň biri  hem, ýaş hünärmeniň özbaşdak zähmet çekmäge bolan ukybyny kesgitlemekdir.Geljekde talyp ýaşlar öz saýlap alan hünärlerinden ussatlyk bilen baş çykarmakdyr.Önümçilik tejribeliginiň geçilýän döwründe berlen ýumuş boýunça dürli işleri ýerine ýetirmek bilen, edaranyň berkidilen hünärmenleriniň,ussat halypalaryñ toplan iş  tejribesinden peýdalanýarlar. Bu bolsa  talyp ýaşlara öz saýlap alan hünäri boýunça tejribe almaga, nazaryýetde öwrenen bilimlerini  tejribede ulanmaga mümkinçilik berýär.Häzirki wagtda talyplaryň okuw tejribeligi üstünlikli dowam edýär.Şeýle bagtdan paýly bagtyýar talyp ýaşlar özleri barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtýarlar. Hormatly Prezidentimiziň  janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.


Arzygül GANDYMOWA,

 Ulaglar fakultetiniň talyby.