TALYP ÝAŞLARYMYZYŇ ERJELLIGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň, şol sanda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň öňlerinde goýan arzuw-maksatlarynyň hasyl bolýan döwrüdir. Bu günki günde sport we köpçülikleýin bedenterbiýe — berkarar döwletimizde ýaşaýan her bir ynsanyň hemişelik hemrasyna öwrüldi. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda alnyp barylýan işlere, guralýan dürli sport çärelerine işjeň gatnaşýan talyplarymyzyň baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklarynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris.

 Şu günler Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sport binasynda talyp ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikler geçirilýär. Sport binasynda meýilnama esasynda sport ýaryşlary hem guralyp, olara talyp ýaşlar höwes bilen gatnaşýar. Sportuň woleýbol, tennis, futbol görnüşleri boýunça geçirilen ýaryş hem munuň subutnamasydyr.Duşuşyklaryň dowamynda bilelikde okuw-türgenlişik sapaklary geçirildi. Tälimçidir bedenterbiýe mugallymlary talyplara sportuň her görnüşiniň inçe tilsimlerini, taryhyny we oýnuň düzgünlerini düşündirdiler. Sport oýunlary barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Şeýle hem, halypalar ýaşlara sportuň – sagdynlygyň we ruhubelenligiň esasydygyny nygtadylar. Institutymyzda ýerleşýän sport klubynyň küşt merkezinde bolsa, talyp oglanlar we gyzlar öz aralarynda küşt we şaşka boýunça ýaryşdylar. Sport toplumynda talyp oglanlaryň arasynda geçirilen sportuň gandbol hem-de basketbol görnüşi boýunça fakultetara ýaryşlar bolsa, diýseň çekeleşikli we gyzykly boldy.

 Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň köpugurlylygy ýaşlaryň sagdyn ösmeginde uly ähmiýete eýedir. Berkarar Diýarymyzda belli şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişler, sport dabaralary, welosipedli ýörişler yzygiderli guralyp, netijeli häsiýete eýe bolýar. Ildeşlerimiz, aýratyn hem, talyp ýaşlar bu ugurdaky işlere uly höwes bilen gatnaşýarlar. Biziň institutymyzda hem sport gurnaklarynyň birnäçe görnüşi işleýär, sport ýaryşlary gyzgalaňly, çekeleşikli geçirilýär. Geçirilýän sport ýaryşlary, medeni kӧpçülik çäreleri talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny has-da açyp gӧrkezmeklerine we talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uludan ýardam edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gysga döwrüň içinde asyrlara barabar durmuşa geçirýän uly işleriniň, Watanymyzy ýokary depginde ösdürmek babatynda edýän tagallalarynyň, il-ýurdumyzyň şöhratyny mundan beýläk hem arşa götermek ugrunda alyp barýan syýasatynyň rowaç almagyny mugallym ýüregimden arzuw edýärin.


Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.