TALYP ÝAŞLARYMYZYŇ DÖREDIJILIKLI IŞLERI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň esasynda döwletimizde ösüp barýan ýaş nesliň ýokary hilli, çuňňur bilim hem-de mynasyp edep-terbiýe almagy, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär.

         Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 -2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda»  okatmakda sanly tehnologiýalaryň, uzak aralykdan bilim bermeginiň we maglumat alyşmagyň ýola goýulmalydygy, mugallymlaryň hünär derejesiniň, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň dünýäniň oňyn tejribesi esasynda kämilleşdirilmelidigi nygtalyp bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaş nesiller-jemgyýetiň geljegi. Şonuň üçin hem ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen strategiýamyzyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar barada döwlet syýasatymyzy üstünlikli aşyrýarys. Ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin amatly şertleri döredýäris» diýen pähimli sözlerinden ugur alnyp, professor-mugallymlaryň ýolbaşçylyk etmeginde talyp ýaşlaryň täze pikirlerini açmakda, döredijilikli zähmet çekmeginde, ylym-bilimde uly üstünlikler gazanmagynda uly işler amala aşyrylýar.

         Bilşimiz ýaly, aprel aýynyň 15-20-si aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) dabaraly ýagdaýda geçdi. Halkara olimpiada dünýäniň 18 döwletinden 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinden jemi 350-ä golaý talyp gatnaşdy. Onuň çäginde uniwersitetde talyp ýaşlaryň ylmy wwe taslama işlerinden durýan sergi guraldy. 19-njy aprelde uniwersitetde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Muňa professor-mugallymlar, şeýle-de bu bilim ojagynda ýurduň we daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen II Açyk halkara olimpiadasyna gatnaşyjylar gatnaşdylar.

        Guramaçylyk geçen bu ylmy-amaly maslahatda institutymyzyň talyby, ýaşlar baýragynyň eýesi Ýazmyrat Atdaýew hem çykyş etdi. Onuň çykyşy “Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalaryň kitap okamagy üçin niýetlenen mobil programmasy” diýlip atlandyryldy. Çykyşda beýan edilişi ýaly, görüş we eşidiş ukyby pes bolan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryny wagyz etmek we olarda döredijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen “Arkadag” mobil programmasy döredilipdir. Maslahatda mobil programmasynyň artykmaçlygy, gurluşy, peýdalanylan programmirleme dilleri, girizilen bölümler, döwrebaplygy, täzeçilligi, görüş we eşidiş ukyby pes bolan çagalaryň ulanyp bilmek mümkinçiligi giňişleýin gürrüň berildi.

       Ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň döwrebap derejede bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, eziz Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň hem-de dörediji we gurujy agzybir halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!



BAZARGELDI Sapargeldiýew 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag 

kommunikasiýalary institutynyň 

“Ýokary matematika” kafedrasynyň mugallymy