TALYP ÝAŞLARYMYZA BILDIRILÝÄN YNAM

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň geriminiň barha giňeldilmegi netijesinde kämil bilim-terbiýeli nesiller kemala gelýär. Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak, olary ylmy-döredijilik işine ugrukdyrmak maksady bilen, bilim ulgamynda düýpli özgertmeler güýçli depginler bilen amala aşyrylýar. Bu özgertmeleriň baş maksady ýaşlara dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny elýeterli etmekden ybaratdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr” diýip bellemegide ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň ýaşlardygyny aýdyň görkezýär.

            Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynda dürli bäsleşikler dowam edýär. Olar kärine ussat professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýär. Her ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Ýylyň talyby” atly bäsleşik geçirilýär. Bu bäsleşige ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdeplerinden talyplarynyň arasynda tapawutlanan bir talyp gatnaşmaga hukuk gazanýar. Bu bäsleşik birnäçe saýlama tapgrylar esasynda alnyp barylýar. Institutymyzyň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 4-nji ýyl talyby Atdaýew Ýazmyrat bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda ýokary derejede bahalary toplamak bilen “Ýylyň talyby”  Döwlet bilim bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.

            Talybymyz Atdaýew Ýazmyrada bäsleşigiň indiki tapgyrlarynda hem uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

       Gahryman Arkadagymyzyň: “Çünki ýaşlar – döwletimiziň beýik geljegi, şu günki daýanjy, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji”diýip bellemegide ýurdumyzyň indiki ösüşlerinde ýaşlara uly ynam bildirýändigini has göz ýetirýärsiň. Talyp ýaşlara edep-terbiýäniň, ylym-bilimiň inçelik bilen döwrebäp berilmegi olary gelejekde kämil şahsyýet bolmagynda uly ähmiýeti bardyr. Ýaşlarda bar bolan zehini oýarmakda, ony döredijilik işine ugukdyrmakda ata- babalarymyzdan galan ýol-ýörelgeleriniň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk okuw sapaklarynyň, nesihatlarynyň ähmiýeti uludyr. Gahryman Arkadagymyzdan ynamly türkmen ýaşlary bu günki gün ýurdumyzyň ösüşlerinde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Çünki, ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň ynamyndan dörän güýç, ata Watanymyzyň ýagty geljegi, ýurdumyzyň ösüşleriniň özenidir.


Bazargeldi Sapargeldiýew 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag 

kommunikasiýalary institutynyň “Ýokary 

matematika”kafedrasynyň mugallymy