Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmak, jemgyýetiň agzybirligini gazanyp, sazlaşykly durmuşy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işlere ýaşlary ugrukdyrmak, olaryň Watan berkararlygynyň, il-günüň abadançylygynyň, durnukly ösüşiň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilen täze başlangyçlary amala aşyrmaga gatnaşmaklaryny gazanmak ilkinji wezipedir. Watan, ýaşlar, geljek baradaky oňyn düşünjeler we garaýyşlar 2023-nji ýylyň şygarynyň düýp mazmunyny düzýär. Bu ýyly döredijilikli işler, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ählimiziň, ilkinji nobatda, bagtyýar ýaşlaryň mukaddes borjudyr.
Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda birnäçe kanunlar kabul edilip, şolaryň esasynda ençeme maksatnamalar herekete girizildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem bar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim bermegiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bilim ojaklarynyň ählisi kompýuter tehnologiýalary we multimedia enjamlary bilen üpjün edilýär.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklary bilim maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen innowasion-tehnologik gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge täze badalga aldy. Mundan başga-da, ata Watanymyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de, ýurdumyzda her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edilýär.
Bäsleşige hödürlenilýän ylmy işler nanotehnologiýalara, himiki tehnologiýalara, täze materiallary öwrenmäge we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygyna, ekologiýa we genetika, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, ynsanperwer ylymlary ýaly innowasion ugurlara degişlidir.
Munuň özi ýaşlaryň täzeçe pikirlenmegini, ylmy-barlag işleri bilen içgin meşgullanmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ulag kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegi, ylmy, bilimi halkymyza peýda berer ýaly derejä ýetirmegi bu pudagyň işgärleriniň esasy wezipesi edip goýdy we ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar we demir ýol fakulteti hut şu ugurlar boýunça ýöriteleşendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylym-bilim bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Ýaşlaryň ylyma giňden çekilmegine, okuw we önümçilik işleriniň özara utgaşyklylykda alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň talyp ýaşlaryň taýýarlaýan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmeklige, ýokary okuw mekdebiň işini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Talyplaryň multimodal ulag ugurlary boýunça ylmyişlere çekilmegi bolsa, ulag we beýleki birnäçe pudaklar babatda zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleriň täze neslini ýetişdirmäge ýardam eder. Munuň özi şeýle möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan düýpli işleriň çuňňur ylmy esasda amala aşyrylmagyna oňaýly täsir eder.
Institutyň degişli kafedralarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan hasaba alnan ylmy barlag işleri hem geçirilýär. Ýokary okuw mekdebimizde «Demir ýol ulagynyň tehniki-ulanyş we ekologik görkezijilerini ýokarlandyrmak», «Türkmenistanyň ýolýaka hyzmatlary toplumynyň tehniki taýdan ulanyş netijeliligini ýokarlandyrmak», «Sanly tehnologiýalar esasynda ulag logistika ulgamyny kämilleşdirmek» atly ylmy barlag işleri professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirilýär. Olar ulag pudagynda depginli ösüşleri gazanmakda täzeçe ylmy çemeleşmeleri we çözgütleri hödürleýär.Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýakynda institutyň binýadynda döredilen Ulag-logistika ylmy merkezinde «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Demir ýol ulaglarynda içerki gatnawlaryň tariflerini hasaplamagyň ylmy usulyýetini kämilleşdirmek» atly ylmy-barlag işini uly depgin bilen dowam etdirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň iş ýüzünde özara utgaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Watana hyzmat etmegi ömrüniň manysyna deňeýän ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Eziz Diýarymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine has-da yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek ýaşlaryň baş maksady, mizemez ýol-ýörelgesidir.
Nurşat ANNAÝEWA,
Mehanika-tehnologik fakultetiniň
“Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 4-nji ýyl talyby.