Talyp şahadatnamasyna mynasyplar

Sanlyja günden — 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2023 – 2024-nji täze okuw ýyly başlanýar. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda täze gurlup, ulanylmaga berlen Arkadag şäherinde ýokary okuw mekdebi hem-de ýörite orta hünär okuw mekdepleri ilkinji gezek Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň talyplaryny gujak açyp garşylar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde täze orta mekdeplerdir mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň onlarçasynda täze okuw ýyly başlanar. Şeýle şatlykly günlerde biz hem kalplary buýsançdan, guwançdan doly, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby diýen ada mynasyp bolan ýaşlarymyzyň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny saýtymyzyň okyjylarymyza ýetirýäris.

Aýlar ANNAMÄMMEDOWA,
Awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we tonnelleriň gurluşygy, ulanylyşy we tehniki abatlanylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

— Hünär öwrenmek, belli bir käriň eýesi bolmak — ýaşlyk ýyllarynda islendik ynsanyň öňünde goýan baş maksady. Ony amala aşyrmak üçin bolsa köp yhlas etmeli, okamaly, öwrenmeli. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň uzak möhletleri nazarlaýan beýik başlangyçlarynyň ruhunda özgerdilýän ýurdumyzda ýaşlaryň aýdyň geljegi üçin ähli amatlyklar döredilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan uly özgertmeler, ýetilen belent sepgitler, ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän orta hünär hem-de ýokary okuw mekdeplerimiziň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi halkymyzyň maddy we durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak barada edilýän aladalar bize — ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly güýç-kuwwat berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda synaglardan bäsleşik esasynda geçip, ýokary okuw mekdebiniň talyby boldum. Döwletimiziň ulag ulgamyny dünýä derejesine çykarmak ugrundaky asylly işlere goşant goşmak üçin ýokary derejeli inžener bolup ýetişerin.

Ysmaýyl ARTYKOW,
Demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

— Ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek, ýokary bilim almak her bir ynsanda bolşy ýaly, meniňem arzyly maksadymdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar diýlip atlandyrylan ýylda arzuwymyň hasyl bolandygyna diýseň begenýärin. Ýaşlykdan demir ýol pudagyna  bolan söýgim bu ugurdan hünärmen bolup ýetişmäge höwes döretdi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ulag pudagyny ösdürmäge uly üns berýär. Men hem eziz Arkadagly Serdarymyzyň talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge döredip berýän şertlerinden ýerlikli peýdalanyp, geljekde kämil hünärmen bolup ýetişip, demir ýol pudagynyň ösmegine öz goşandymy goşaryn. Ýurdumyzda 2023 — 2024-nji okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ähli deň-duşlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, türkmen ýaşlarynyň innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagy hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Hekimberdi ATAÝEW,
Demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleriniň sany barha artýar. Oňa kabul edilýän talyplaryň sanynyň her ýylda köpeldilmegi bolsa, biz — ýaşlaryň yhlasly okamagymyza ýardam edýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary  institutynyň talyby bolmagym meniň buýsanjyma buýsanç goşýar. Men muňa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň saýlap alan hünärleri boýunça bilim almaklary, zähmet çekmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň miwesi diýip düşünýärin. Ösüşlerden ösüşlere barýan ata Watanymyzyň has-da belent menzillere ýetmeginde, ýurdumyzda ylymly-bilimli, kämil jemgyýetiň kemala gelmeginde ýaşlara uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýüregimden sagbolsun aýdýaryn. Nesip bolsa, demir ýol  pudagyny ösdürmekde täze-täze usullardan peýdalanyp, ýokary taýýarlykly hünärmen bolmaga çalşyp, tutumly işlere öz goşandymyzy goşarys. Arkadagly Serdarymyzyň biz—ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn pikirli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin edýän atalyk aladalaryna jogap edip, ýokary okuw mekdebinde oňat bahalar bilen okamaga, saýlap alan hünärimi ezber ele almaga çalşaryn.

Taýýarlan Amanmyrat SÄHETMYRADOW,

Demir ýol ulaglary fakultetiniň dekany.