Synaglar guramaçylykly dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmelerden, özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar türkmen ýaşlary bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler. Adamzat nesliniň gazanan iň ajaýyp üstünlikleriniň biri-de ylymdyr. Bir ýurduň sazlaşykly ösüşi, ilkinji nobatda, şol ýurduň ýaş nesliniň bilim derejesine bagly bolup durýar. Şu jähetden ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň gözýetimli, sagdyn pikirlenmegi başarýan we özleriniň saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmagyna gönükdirilendir.

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşip, döwrüň gazananlary bilen aýakdaş barýar. Gün-günden täze ösüşlere sary gadam basýan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giňden ýaýbaňlandyrylan döwlet synaglary hem ýurdumyzyň ähli pudakda güýç-kuwwatynyň özenini düzjek ýaş hünärmenleriň taýýarlygynyň ýokary depginde alnyp barylýandygyndan nyşandyr. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda şu günler synaglar guramaçylykly geçirilýär. Ders synaglary talyplar üçin bilimleri kämilleşdirmegiň esasy bolup durýar. Talyplar geçen döwrüň dowamynda özleşdiren bilimleriniň derejesini gaýtadan synap görýärler, geçilenleri gaýtalaýarlar. Ýatda saklamaly ýerlerine aýratyn üns berýärler. Öňki alnan bilimleri täzeden aňlarynda dikeltmeli bolýarlar. Taýýarlyk döwründe talyplar geçenlerini birlaý gaýtalap çykmaly bolýar. Şeýle taýýarlykdan soň olaryň ýokary baha alýanlary köp bolýar. Şonuň üçin, ilki bilen, jemleýji synaglaryň nähili görnüşde alynýandygyny nazara almak bilen, institutda taýýarlyk işleri geçirilýär. 

Döredilýän mümkinçiliklerden düýpli peýdalanýan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bu gün öz saýlap alan hünärleri boýunça ökde hünärmenler — Watanymyzyň geljekki hak eýeleri bolup ýetişýärler. Ine, häzirki günlerde-de ýokary okuw mekdebimizde talyp ýaşlaryň belent maksatlarynyň amala aşmagyna uly itergi berýän gutardyş synaglary üstünlikli dowam edýär. Uçurym talyplar öz hünär ugurlary, şeýle hem okuwyň dowamynda özleşdiren dersleri boýunça synaglary üstünlikli tabşyrdylar. Talyplaryň ýerine ýetiren diplom işlerinde ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagyny ylmy taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary öz beýanyny tapýar.

Ýaş nesillerimiziň döwür bilen aýakdaş gitmegi, döwrüň talabyny ödemekleri we tehnologiýalar dünýäsine içgin aralaşmaklary ugrunda döwletimizde uly möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan berilýän ylmyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ylmyň-bilimiň täze gazananlaryndan ugur alnyp, döwrüň talabyna esaslanýan täze hünärler döredilýär. 

Biz — bagtyýar ýaşlar şu ajaýyp, eşretli zamanada ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Eziz Watanymyzyň daýanjy hem buýsanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirip, ýeňişlere atarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Arzygül GANDYMOWA,

Ulaglar fakultetiniň Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak hünäriniň 4-nji ýyl talyby.