Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda «Maşgalam — baş galam» atly sport bäsleşigi geçirildi.
Ýaryş jemi 3 topar — Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň toparlary gatnaşdylar. Her toparyň düzüminde 5 sany agza bar. Maşgalalar bu ýaryşda jemi 5 ugur — mozaika düzmek, taýagyň kömegi bilen kiçi göwrümli toplary bellenen ýere eltmek, ýörite gurşawlary bellenen nyşana geçirmek, tanap çekmek we golf boýunça özara bäsleşdiler.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag we kommunikasiýalary institutynyň Zenanlar bölüminiň gurnamagynda "Maşgalam – baş galam" diýen at bilen sport bäsleşigi geçirildi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn maşgalany we sagdyn nesilleri kemala getirmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşige talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylaryň, ýaş maşgalalaryň agzalary hem gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan maşgalalar bäsleşigiň bäş şerti boýunça özleriniň saýlap alan ugurlaryna has taýýarlykly gelenliklerini çykyşlarynda aýdyň beýan etdiler. Bäsleşigiň dowamynda bagtyýar maşgalalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň mynasyp däp-dessurlaryny, maşgala edebini, maşgalanyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny, berk bedenli, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, halkymyzyň milli inçe sungatyny nesilden-nesile geçirip, dowam etdirmekde maşgalanyň ornuny, türkmen maşgalasyna mynasyp gylyk-häsiýetli, edep-ekramlylygy, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy öwretmekde maşgalanyň mynasyp ornunyň bardygy barada täsirli çykyşlar görkezildi. Örän çekeleşikli geçen sport bäsleşigi tomaşaçylar tarapyndan diýseň gyzgyn garşylandy we ýakymly täsirleri galdyrdy. Bäsleşigiň dowamynda wakalar çalt hem-de duýdansyz üýtgäp durdy, maşgalalaryň haýsy biriniň sport bäsleşiginiň ýeňijisi boljakdygy hem näbelli boldy. Ýöne, hyjuwyň dartgynlylygy, bäsleşigiň ýagdaýy örän dostlukly ýagdaýda geçdi – maşgalalaryň ählisi biri-birini goldap durdy we biri-birine janköýerlik etdiler. Umuman, sport bäsleşikleri dostlukly maşgala baýramçylygyny ýatlatdy. Bu sport bäsleşigi maşgalalarynyň sagdynlygynyň we bagtyýarlylygynyň syry bolsa – säher bilen öý ýagdaýynda ýönekeý sport maşyklaryny ýerine ýetirmekden, sagdyn iýmitlenmekden we saglyk üçin ýaramaz endiklerden daşda durmakdan ybaratdyr.
Çekelişikli geçen bäsleşikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary birinji, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary ikinji, ýer eýeleri bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň topary bolsa, üçünji orna mynasyp boldular. Çekeleşikli hem gyzykly geçen bu sport ýaryşynda ýeňijiler yglan edildi we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.