SPORT-SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň Aprel aýy sport ýaryşlary bilen bilen dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döwrüň ruhuna we talabyna laýyklykda Türkmenistanyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetirilýär. Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy” öňümizde täze wezipeleri goýmak bilen türkmen sportyny dabaralandyrmagy, ýurdumyzy mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynyň Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmegi göz öňünde tutulýar.

Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly özgertmeleri durmuşa geçirýär.

Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sagdyn ýaş nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak dürli keselleriň öňüni almak, bejermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Biziň institutymyzyň talyplary sport çärelerine höwes bilen gatnaşýarlar. Welosiped sürmeklik boýunça         Aprel aýynyň 3-ne geçirilen çärä Suw Ulagynyň Ulanylyşy kafedrasynyň PweUMÝDEU, GS, GEDU, GG hünärleriniň talyplary höwes bilen gatnaşdylar. Köpçülikleýin tigir sürmek  talyplaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrdy. Futbol oýnamak boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda geçirilýän ýaryşa kafedramyzyň talyplary Baýjanow Baýjan, Awezow Arslan, Gurbanow Kerim, Taganmämmedow Şamuhammet gatnaşdylar. Olar ýaryşda özleriniň başarnyklaryny görkezdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlaryň öňünde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda ýaşlaryň paýyna düşýär. Sport bilen meşgulanýan ýaşlarymyz dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanyp, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp döwletimiziň abraýyny galdyrýarlar.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyza uly üstünlikler ýaran bolsun!

Suw Ulagynyň Ulanylyşy

 kafedrasynyň mugallymy

 Gülşirin Gurjanowa