SPORT MEDENIÝETIŇ AÇARY

              Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň  Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ilkinji Zenanlar guramasy bilelikde “Pähim - paýhas  ummany Magtymguly Pyragy” atly ýylymyzda halypa zenan mugallymlaryň gatnaşmaklarynda  “Sport medeniýetiň açary” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligi geçirdiler.       

             Bu söhbetdeşlikde çykyş eden halypa zenan mugallymlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň saýasynda sport milletimiziň mertebesine deňelýän  medeniýeti ösdürmegiň we gaýtadan dikeltmegiň  türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki zaman ösüşinde ileri tutulýan ugurlar höküminde kesgitlenilýändigi, sportda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri, şeýle hem  ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek,  sagdyn durmuş ýörelgesini has-da berkitmekde tutýan orny barada uly buýsanç bilen giňişleýin çykyş etdiler.

           Söhbetdeşlik ýazgysy özüniň täsirliligi bilen  baý many mazmuna eýe boldy. Oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwlap söhbetdeşligi jemlediler.


 


G. Abaýewa

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag 

kommunikasiýalary institutynyň ilkinji

         Zenanlar guramasynyň başlygy