Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Milli Liderimiz şahyryň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky möhüm ornuny belleýär. Çünki Magtymguly ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, adamlaryň kalbynda hemişelik orun aldy, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydasyna berk ornady we türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi.
Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmaty agzybirlik ugrunda göreşmegidir we eserlerinde agzalalygy ýazgarmagydyr. Wagt berkarar döwleti arzuwlan şahyryň belent taglymynyň dogrudygyny subut etdi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan halkymyz Magtymgula hemişe minnetdardyr.
Söz ussadynyň parasatly öwüt-ündewleri Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we gülledip ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barha belende göterilýär, onuň ählumumy gymmatlyga öwrülen öňdengörüjilikli pikirlerine, filosofik garaýyşlaryna üýtgewsiz isleg häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy binýadydyr... Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk syýasaty Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan oňyn özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Netijede, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň dag eteklerinde özboluşly taslamalar esasynda gurlan belent binalary, häzirki zaman ýol-ulag infrastrukturasyny, iri tokaý-seýilgäh zolaklaryny özünde jemleýän ajaýyp landşaft emele geldi. Şol bir wagtyň özünde, Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilýän Aşgabadyň düýpgöter täzelenen keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň okgunly depgini, köptaraplaýyn mümkinçilikleri, baý taryhy we milli medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Ak mermerli paýtagtymyz täze binagärlik çözgütleri, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary bilen barha gözelleşýär.
Hormatly Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuň hormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Bu goşgynyň her bir sözünde, her bir setirinde örän çuňňur many bar diýip, döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşgusyndan bölegi okady:
Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.
Bellenilişi ýaly, bu setirler Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna goýýan aýratyn hormatyndan nyşandyr. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly pikirleri bilen berk baglydyr.
Soňky ýyllarda öňdebaryjy tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda medeniýet ulgamyna hem işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilýän dabaralaryň täzeçil usullary ulanmak arkaly, ýokary derejede guralmagyna innowasion taýdan çemeleşilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyndaky möhüm wakalaryň birine öwrülen şu günki çäre mynasybetli guralan ajaýyp feýerwerk agşamky asmany täsin şekiller bilen bezäp, dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
Kerimow Güýçgeldi, Sanly tehnologiýalar we
kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby