Siz — ýaşlaryň howandary, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bu günki gün Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleri kemala getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek işine möhüm ähmiýet berilýär.

Ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň il-ýurdumyza eşret getirýän özgerişliklerdigine, Garaşsyz döwletimiziň ösüşlerini ýene-de täze belentliklere ýetirýändigine has oňat düşünýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty has artýar. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşlerine hem oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda mukaddes topragymyzda meýilleşdirilýän iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň çuňlugy bilen kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglanyşykly eýýäm orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryna hem ýaşlaryň hünär düşünjelerini baýlaşdyrýan dersleriň birnäçesi girizildi. Munuň özi bagtyýar ýaşlaryň geljegine uly tama edilýändigidir. Häzirki wagtda islendik iş ýerini ýaşlarsyz göz öňüne getirmek juda kyn. Ýaşlara uly ynamyň bildirilmegi şol ynamyň ödelmegini hem talap edýär. Şonuň üçin şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy biziň jogapkärçiligimizi has artdyrýar.  Arkadagly Serdarymyzyň ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyz üçin zerur inženerleri,tehnologlary we mehanikleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu ugra degişli okuw sapaklarynyň maksatnamasyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek babatda içgin gyzyklanmagy institutymyzyň professor-mugallymlarynyň öňünde täze wezipeleri goýýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli

ulag ulgamyna degişli ylmy işleri, taslamalary taýýarlamaga ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli mugallymlarynyň halypalyk etmeginde talyp ýaşlary gatnaşdyrmak barada yzygiderli tabşyryklary berýär. Bu tabşyryklardan ugur alyp, ýokary okuw mekdebimizde işler meýilnama esasynda ýola goýuldy. Taýýarlanylýan her bir taslamany ylmy esasda işläp düzmek maksady bilen fakultetlerde ýaş alymlaryň merkezi döredildi. Ulag we kommunikasiýa pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän amaly sapaklary tejribe bilen utgaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär.

Talyp ýaşlaryň öz saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri üçin göz öňünde tutulan möhüm çäreleriň biri hem olaryň öz okaýan ugurlary boýunça edara-kärhanalara baryp, halypalaryň ýolbaşçylygynda önümçilik, okuw, iş tejribeliklerini geçmekleridir. Okuw tejribelik geçmek okuw mekdebinde öwrenilen nazary bilimleri iş üstünde, gözüň bilen görmek we göreniňi öz eliň bilen gaýtalap görmekdir. Berkidilen halypalaryň ýolbaşçylygynda şeýle tejribeligi geçen geljekki ýaş hünärmenler okuwlaryny tamamlap, iş orunlaryna baranlarynda, işiň gidişinden, işiň häsiýetli aýratynlyklaryndan, degişli enjamlardan we ulgamlardan habarly bolýarlar. Munuň özi işe tiz ugrukmaga we täzeçillik görkezip işlemäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň gözbaşynda Watan hem-de halk barada edilýän çäksiz alada durýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän aladalaryna jogap edip, ýaşlary döwrebap terbiýelemek üçin yhlasly zähmet çekilýär.

Ýaşlaryň geljekde öz saýlan hünäri boýunça kämil hem-de ökde hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber aladalaryň binýat bolýan ajaýyp döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk iş tejribesini görelde edinip, durmuşymyzy rowaçlyklar, gowulyklar bilen baýlaşdyrmagyň röwşen ýolunda talyp deň-duşlarymyza üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýärin!

 

Merjen TOKGAÝEWA,

Ulaglar fakultetiniň

 Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.