SANLY ULGAMYŇ ORNY

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi  jemgyýetçilik durmuşynda hem-de maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Şu nukdaýnazardan, döwrebap infrastrukturany döretmek, institusional gurşawy emele getirmek, sanly tehnologiýalar bilen işlemek medeniýeti ösdürmek, işgärler kuwwatyny güýçlendirmek zerurdyr. 

           Sanly ykdysadyýet bilen bagly meseleler dünýä ýüzünde köpleri gyzyklandyrýan meseleleriň birine öwrüldi. Munuň esasy sebäbi ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmekde däl, eýsem, ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi we dünýä jemgyýetçiliginiň sanly tehologiýalara köpçülikleýin geçilmegi bilen düşündirilýär. Bu ýagdaý sanly, köplenç halatda bolsa, elektron ykdysadyýet diýlip atlandyrylýan ykdysadyýetiň düýp mazmunynyň iki sany aýratynlykdan ybarat bolup durýandygy barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär: birinjiden, ýurduň hakyky hojalyk ulgamyndan tapawutlylykda oňa wirtuallyk mahsusdyr,  ýagny ol internet giňişlikden daşary hereket edip bilmeýär, ol maglumaty alyş-çalyş etmegiň, şertnama baglaşmagyň we özara hasaplaşyklary geçirmegiň tizligini artdyrýar, wagty tygşytlaýar, subýektleriň arasyndaky gatnaşyklary ýönekeýleşdirýär. Ikinjiden, sanly ydysadyýetiň ýokary tehnologiýalara we telekommunikasiýa hyzmatlaryna bolan garaşlylygy örän ýokarydyr.            

          Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady, durmuş, medeni gatnaşyklaryň  ulgamy bolup, bu ulgamyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi hemişe ösüşi, kämil kanunlary talap edýär. Sebäbi sanly ulgamyň öi hemişe ösüşde bolandygy sebäpli onuň bilen bagly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän milli kanunçylygymyz hem kämilleşdirilýär.

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletara we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmegiň hasabyna, ýurdumyz dünýä ykdysady ulgamyna barha işjeň goşulyşýar. Häzirki döwürde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, aragatnaşykda hem ýokary netijeler gazanylýar. Pudak dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilip, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ähli şertler bar.

 Sanly ykdysadyýet maglumatlaryň we tehnologiýalaryň hemme ýerde, hemme wagtda elýeterliligine daýanmak bilen, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna ýol açýar.  Çözgütler çalt kabul edilýär. Seljermeler intellektual we maksada gönükdirilen häsiýete eýe bolýar. Soňky ýyllarda tehnologik innowasiýalar önümçiligiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda intellektual we tehnologik bäsdeşlik barha ýiti häsiýete eýe bolýar. Ösen döwletlerde jemi içerki önümiň ösüşi tehnikada we tehnologiýalarda jemlenen täze bilimleriň hasabyna gazanylýar. Bu bolsa şol ýurtlarda bäsdeşlige ukyplylygyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini görkezýär. Şonuň üçin ykdysady kuwwatyny artdyrmak isleýän islendik döwlet öz ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiliklerini milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini üpjün edýän serişdä öwürmek döwrüň talaby bolup durýar.  “ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.

                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                         

Akmuhammet Temirow,

Jçeri işler mnistrliginiň institutynyň Hukuk fakultetiniň  3-nji ýyl talyby.