Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgamyň aýratyn orny bardyr. Şonuň üçin bu ugra aýratyn üns berilýär we döwrebap mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” wezipeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň artmagyna, dolandyryşyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.
Ylmyň we bilimiň has-da ösen häzirki döwründe tehnologiýalara, kompýuter enjamlaryna, elektron programmalaryna giň ýol açylýar. Şonuň üçin sanly ulgam dürli pudaklarda işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda, ylmyň iň täze gazananlaryny hem durmuşa ornaşdyrmak bolup durýar. Şonuň üçin, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi birnäçe amatlyklary döredýär. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň ähliumumy bazarlara dessin çykmak we sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligi artýar. Harytlaryň we hyzmatlaryň göni aragatnaşyk (onlaýn) ulgamda hödürlenmegi olaryň elýeterligini ýokarlandyrýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda netijelidir hem-de ähmiýetlidir.
Sanlaşdyrmak ösüş we bäsdeşlik babatynda täze artykmaçlyklary gazanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda täze innowasion tehnologiýalar, şol sanda, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçildi. Elektron senagaty döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda köpugurly kommunikasiýa ulgamyny döretmek. Watanymyzyň alys künjeklerinde internet mümkinçiliklerini üpjün etmek bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti giňden ornaşdyrylýar.
Sanly bilimi ösdürmekde ilkinji nobatda ýaşlaryň häzirki zamanda kämil tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak möhüm şert bolup durýar. Şol sebäpden hem ýaş nesle bilim bermekde bilim işgärleriniň hünär taýýarlygy zerurdyr. Mähriban Arkadagymyzyň ösen innowasiýa babatyndaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerine esaslanyp Garaşsyz Diýarymyzda kämil hem-de hil taýdan ösen ykdysady ösüş gazanylýar, netijeli sepgitlere eýe bolunýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek dürli tehnologiki we ylmy täzelikleriň üstünde işlemegi we döretmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalary çalt depginde ornaşdyrylmagyny hem-de olaryň maglumat binýadynyň berkidilmegini üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamynda öňe sürýän oňyn özgertmeleri we başlangyçlary sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleriniň çägini barha artdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, Berkarar döwrümizi bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Babageldi Ismailow,
Çyzuwly geometriýa we inženerçilik
grafikasy kafedrasynyň müdiri.