Sagdyn durmuş ýörelgesi ýaşlara baş görelde

Ata Watanymyz bu gün diňe bir ykdysady taýdan kuwwatly taýdan döwletleriň birine öwrülmän, sagdyn durmuş ýörelgesini hem nusgalyk derejede ornaşdyran ýurtlaryň birine öwrüldi. Indi birnäçe ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilip başlanan sagdyn durmuş ýörelgesi bu gün halkymyzyň gündelik adatyna öwrülip barýar. Bu bolsa halkymyzyň sagdyn we ruhubelent ýaşamak baradaky maglumatlara eýe bolup, olara has-da ýakyn durýanlygynyň anyk mysaly bolup durýar. Iň guwanmaly ýeri bolsa, bu günki günde ýurdumyz tarapyndan alynyp barylýan sagdyn durmuş ýörelgelerine ýaş nesilleriň hasam işjeň gatnaşýandyklary bolup durýar. Bu gün türkmen ýaşlary diňe bir ylymda-bilimde däl-de, sportyň dürli görnüşleri bilen dürli olimpiadalara, sportakiadalara işjeň gatnaşyp, üstünlikli orunlara, abraýly medallara eýe bolýarlar. Bu bolsa türkmen halkynyň abraýyny barha artdyryp, ata Watanymyzyň dünýä döwletleriniň arasynda abraýly döwletleriň birine öwrülmegine özüniň goşandyny goşýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň talyplary ýurdumyzda yglan edilen Saglyk aýy mynasybetly geçirilen döwlet çärelerine işjeň ýagdaýda gatnaşdylar. Döwlet çäreleriniň dowamynda talyp ýaşlar geçirilen çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda sportyň dürli görnüşleri boýunça ýörite çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olar sportyň maşk etmek, welosipetli ýörişlere, ýeňil atlettika ýaly görnüşlerine Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylarydyr ýaş nesilleri bilen uly rurhubelentlikde gatnaşdylar. Bu gün talyp ýaşlarymyzyň sportyň bu görnüşlerine işjeň gatnaşýandyklary olaryň diňe sagdyn durmuş ýörelegelerine eýerýändiklerini aňlatman, olaryň sagdyn pikirli ýaş hünärmenler bolup ýetişmeklerine hem oňyn täsirini ýetirýär. “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň talyp ýaşlarynyň arasynda munuň ýaly sport çäreleri bolsa, kafedra tarapyndan işlenilip düzülen iş meýilnamalary esasynda yzygiderli geçirilip durulýar.

Pursatdan peýdalanyp, sagdyn durmuş ýörelgesini ýörelge edinip, halkymyzyň eşretli dumuşda ýaşamagy üçin uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri mundan beýäk hem uly üstünliklere  beslensin!


Artykbaý Hojikow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag 

kommunikasiýalary institutynyň “Suw ulagynyň

 ulanylyşy” kafedrasynyň mugallymy.