Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ata Watanymyzda il-ýurt bähbitli, halk ähmiýetli ençeme Döwlet maksatnamalary hem-de Konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bagtyýar ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýeti ösdürilip, öňdebaryjy tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylyp, toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, milli ýörelgelere hormat goýýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip, döwrüň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaşlaryň ýetişmegi we olaryň sazlaşykly ösmegi, terbiýelenmegi, ylym-bilim almagy, hünär kämilligine eýe bolmagy babatynda giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerine talyp ýaşlaryň arasynda hünär we umumy dersler boýunça halkara derejesinde olimpiadalary geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Mejlisde berkarar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda halkara derejeli bäsleşikleri yzygiderli geçirmegiň zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, intellektual başarnyklaryny artdyrmak bilen birlikde, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri we öňdebaryjy ylmy-önümçilik merkezleri bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.
Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda rus dili boýunça sanly bilim portaly arkaly, uzak aralykdan «Dil baýlygy — il baýlygy» atly bäsleşik geçirdi. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary hem üstünlikli çykyş etdiler. Talybymyz Didar Aşyrow bolsa rus dili dersinden 2-nji baýrakly orna mynasyp boldy. Biz talybymyzyň üstünligine begenýäris.Biz hem ýeňiji talybymyzy gazanan üstünligi bilen gutlaýarys!
Onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda: «Talyp ýaşlar bolanymyz üçin biz häzir gowy bahalar bilen okap, ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmäge çalyşýarys. Şeýle yhlas-tagallalarymyzyň maksady bolsa, geljekde ata Watanymyza, il-günümize haýyrly adamlar bolup ýetişmegimizde jemlenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda güneşli Diýarymyzda gazanylýan uly zähmet üstünlikleri türkmen halkyny täze üstünliklere ruhlandyryp, jemgyýetimizde bolup geçýän taryhy wakalar guwanjymyza guwanç goşýar» diýip, talybymyz Aşyrow Didar öz ýürek buýsanjyny biz bilen paýlaşdy.
Bäsleşige gatnaşan talyplara 10 sany ýumuş, olary ýerine ýetirmek üçin bolsa 60 minut wagt berildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hersinden 5 talyp bu bäsleşige gatnaşmak hukugyna eýe. Oňa gatnaşan talyplaryň 9-sy I ýer, 11-si II orun, 14-si bolsa III orna mynasyp görüldi. Ýeňijiler Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillere halkara derejesinde bilim almaga, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik ösüşleri nazarlaýan döwletli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.