
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary hem içeri syýasatynyň netijesinde bagtyýarlyk atyna atlanyp, bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-owazasy äleme dolup, dünýä ýaň salýar.
Her bir ösüşleriň arkasynda bolsa Hormatly Prezidentimiziň aladasy we goldawy bardyr.
Üstümizdäki bu ýyl hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýilip atlandyrylmagy Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary hem içeri syýasatynyň netijesinde , ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler döwletimiziň Garaşsyzlygy hem-de hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen baglydyr.Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk biziň ata-babalarymyzyň arzuwlan bagty. Olar biziň iň gymmatly baýlyklarymyz we goşa ganatymyzdyr.
Söz ussady akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem özüniň ýaşan döwründe halkynyň parahat asuda durmuşda ýaşamagy üçin göreşen beýik şahsyýetdir.
1991 -nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy we 1995-nji ýylyň 12 -nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldyk. Bu bolsa ýer ýüzündäki abraýy şan şöhraty barha artdyrdy.2015 nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69 -njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy «gaýtadan kabul edilmegi hem muny tassyklaýar. BMG -niň Baş Assambleýasynyň 2017 -nji ýylyň 2 -nji fewralynda bolup geçen 71 -nji mejlisinde bolsa her ýylyň 12 -nji dekabrynda Halkara bitaraplyk güni diýilip kabul edildi. Mähriban halkymyz Garaşsyzlygymyza we baky Bitaraplygymyza eýe bolan günlerimizden başlap akyldar şahyrymyzyň arzuwlan döwrinde asuda abadan durmuşda erkin ýaşaýarys. Şol taryhy wakadan bäri 12-nji dekabrda diňe Türkmenistan döwletimiz däl ,eýsem tutuş ýer togalagynda Bitaraplyk güni ruhubelent ýagdaýda bellenip geçilýär.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany”atly kitabynda şeýle belläp geçýär.
«Biz Garaşsyz Türkmenistanymyz üçin saýlap alan ýolumyzy “oňyn Bitaraplyk” diýip atlandyrdyk. Şoňa görä, ýurdumyzyň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar.Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatnaşmazlyk we olaryň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bütewiligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk ,dinlere hormat goýmak,halkymyzda bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyz ajaýyp taraplaryny özünde jemleýän düzgünlerden ugur alýar.Şonuň üçin biz-türkmenistanlylar, hemişelik Bitaraplygymyza örän ýokary baha berýäris.Bitaraplygymyzyň özi hakyky gymmatdyr.Ol türkmen döwletiniň ganatydyr”.
Bu waka her bir Türkmenistanlyny ganatlandyrdy. 2024-nji sentýabr aýynyň 3 ne Koreýa respublikasynyň Goýan şäherinde geçirilen” World Smart sity Expo 2024” halkara sergisinde Arkadag şäherine 3 sany “Iň Tapawutlanan “akylly şäher”, “Daşary ýurt akylly şäheri” hem-de world smart city expo 2024 halkara sergisine goşan uly goşandy üçin “atly baýraklara mynasyp bolmagy Arkadag şäheriniň dünýä ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň halk maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasy onuň aýdyň geljegine-de kepildir. 10-njy oktyabrda dost-doganlyk gatnaşyklaryny kepillendirýän 6-njy wena baly geçirildi 2023-nji ýyldada bu festiwal Arkadag şäherinde geçirilipdi.
2024-nji ýylyň 26-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň guramasyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16 -njy mejlisinde Türki dilli döwletleriň Baştutanlary bilen alnyp barylýan syýasy halk diplomatiýasyny öňe sürmelidiris .Onuň özeni abadançylyk,parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak ,hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgeleri durýar diýip beleýär. Gahryman Arkadagymyzyň ,Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG Baş Assambleýasy tarapyndan bu ýyl “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hemde hemişelik Bitaraplyga 30 ýyl dolýandygyna ünsi çekip, Türki döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň geljek ýyldaky soňky mejlisini, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ýubileýine gabatlap Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.Sebitde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy ösüşi özara bähbitli gatnaşyklary gorap saklamak Bitaraplygyň esasy ugrydyr.
Ýylyň üstünlikli jemlenmegi bilen bagly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitabyny ýazyp tamamlanandygy ýüzümize sylmagyň bize nesip edendigi buýsanjymyza buýsanç goşdy.
Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize garaşsyz watanymyzyň halkara abraýyny beýgeltmek, parahatçylygy goramak ,özara bähbitli dost doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda alyp barýan giň işlerinde mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun.
Baýramgül Kulyýewa Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy