Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçen umumy sapagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hakda aýdanlary ähli halkymyzy begendirdi. Milli Liderimiziň şol çykyşynda: «Nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň, Magrupynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Zeliliniň, Seýdiniň, Şeýdaýynyň döredijiliginiň türkmen halky we tutuş adamzat üçin belli bahasy ýokdur» diýip bellemegi, şeýle-de şahyryň şygyrlaryndan mysallary getirmegi söz sungatyna, edebi mirasymyza goýlan nobatdaky belent sarpa bolup ýaňlandy. Gahryman Arkadagymyzyň Köpetdagyň gerşinde Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurdurmagynda uly many bar.
Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen halkynyň milli buýsanjy Magtymguly Pyragynyň giň we köptaraplaýyn döredijiligi ajaýyp zamanamyzda dünýä nusgalyk mekdepdir. Akyldaryň eserleriniň ynsan köňüllerine saçýan şuglasy ýyllar geçdigiçe has-da nurlanýar, çuň many-mazmuna ýugrulan goşgulary bu gün dünýä halklaryny özüne bendi edýär. Beýik Pyragynyň adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen şygyrlarynda öňe sürýän pikirlerinde esasy ugur adamyň gadyryny bilmek, ynsan mertebesini sarpalamak barada bolup, şahyryň döredijiligine näçe çuň aralaşdygyňça, akyl-paýhas ummanynda ýüzüp barýan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Biri-birinden ajaýyp goşgularyň, ilkinji nobatda, ýaşlary terbiýelemekde esasy ýol-ýörelge, mekdep bolup durýandygy bolsa aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Dana Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr» diýip belleýär. Şahyr türkmen topragynyň waspçysy, türkmen binasynyň wagyzçysy. Akyldar şahyryň her bir goşgusy «Watan» diýip seslenýär, «ilim — günüm» diýip owazlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri azat il, güzer gözlän dana Magtymgulynyň, şahyryň söwer iliniň isleg arzuwlarynyň amala aşýan, dabaralanýan, ganatlanýan döwri boldy.
Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde, «Adamzat kalbynyň şahyry» bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi belent derejelere göterildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralar äleme ýaýyldy. Beýik şahyr, filosof, beýik akyldar Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanylýar. Pyragy eserlerinde milli däp-dessurlara uly sarpa goýup, adamkärçiligiň belent sypatlaryny ýüze çykarýar. Şahyryň döredijiligi her bir ynsana, şol sanda ýaş nesillere terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň milli şahyry bolman, eýsem, ol dünýä edebiýatyna ummasyz goşant goşan beýik akyldardyr. Akyldaryň döredijiligini dünýä edebiýatyndan, türki halklaryň gadymy edebi däplerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl, çünki şahyr hemişe özünden öňki ägirtleriň döredijiligini içgin öwrenipdir we olaryň öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerini öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, ölmez-ýitmez eserleri döredipdir. Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyza, ýazyjy-şahyrlarymyzyň nusgalyk döredijiligine uly sarpa goýýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan baýram edilmegi mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde Köpetdagyň belentliklerinde Magtymguly Pyragynyň deňsiz-taýsyz heýkeliniň dikeldilmegi hem dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen akyldar şahyrymyzyň pelsepewi taglymatyna belent derejede ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Azymow Suwhan,
Sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby