Orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Matematika” we “Fizika” dersleri boýunça ders bäsleşigi geçdi.

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky alyp barýan döwlet syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek hem-de maksada okgunly, okuw derslerinden tebigy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek hem-de halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Matematika” we “Fizika” dersleri boýunça adaty ders bäsleşigi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda  geçirildi.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply, başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.

Ders bäsleşiginiň maksady talyplara özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, ylmy sygymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek, tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmagy başarmaga höwes döretmek,ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem gatnaşýanlaryň öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek.


Wepa Kowsyýew

Maglumatlar we okatmagyň 

tehniki-serişdeleri bölüminiň başlygy