Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty 2023-nji ýylyň maý aýynyň 22-sinden 24-i aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Aşgabat şäherinde emeli aň ugry boýunça “Önümçiligi awtomatlaşdyrmakda emeli aňy ulanmak” atly bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige hem Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň, “Kompýuter we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary” kafedrasynyň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertine görä hem 4 sany talypdan ybarat bolan topar döredilip ol topara “Inžener” ady dakyldy. Bu bäşleşige 8 sany topar gatnaşdylar, ol toparlaryň her biri hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine degişlidir. Bäsleşik örän çekeleşikli geçdi, netijede biziň “Inžener” toparymyz bu bäsleşikde II orna mynasyp boldular.
Çeper Gylyjowa
“Kompýuter we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary” kafedrasynyň mugallymy Çeper Gylyjowa