Häzirki döwürde ýaş nesle döwrebap ekologik bilim we terbiýe bermekde, olarda kämil ekologik medeniýeti kemala getirmekde we ösdürmekde ýokary okuw mekdebinde ekologiýa bilen baglanyşykly geçirilýän tejribelik okuwlara aýratyn orun berilýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin miras goýmak Hormatly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr.
Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň okuw tejribelik-ýyladyşhanasynda halypa mugallymlaryň hem-de Mehanika-tehnologik fakultetiniň “Tehnosfera howpsuzlygy” hünäriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIÝA ÇÄRELERI – WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE MYNASYP GOŞANTDYR» ady bilen okuw önümçilik-tejribeligi geçirildi.
Ýokary okuw mekdebiň okuw tejribelik-ýyladyşhanasynda geçirilen okuw-tejribeligi talyplaryň ekologik bilimini artdyrmaga, olaryň ekologiýa babatda medeniýetliligini ösdürmäge we ýaş nesilde ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda goralyp gelnen täsin tebigatymyzyň ajaýyp gözelligini gorap saklamaga bolan ýokary jogapkärçilik duýgularyny terbiýelemäge mümkinçilik berdi. Talyp ýaşlara ýyladyşhanada ýetişdirilýän bezeg gülleriniň, şeýle hem, ýurdumyzyň giň sähralyklarynda duş gelýän dürli dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklaryny öwrenmekde türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomly ylmy-ensiklopedik işindäki gymmatly maglumatlar uly gollanma bolup durýar.
Okuw-tejribeligiň dowamynda mugallymlaryň we talyplaryň interwýulary gurnaldy. Göçme okuw-tejribeligi “Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Gülşirin Agaýewa , “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.