NAZARY BILIMLERI KÄMILLEŞÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ylym-bilim almaga amatly şertler döredilýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, okuw prosesinde innowasion tehnologiýalary we okatmaklygyň interaktiw usullaryny ornaşdyrmaklygy dowam etmek, şeýle hem institutda döwrüň talabyna laýyk gelýän tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen dershanalar we döwrebap ylmy-barlag tejribehanalary bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek işleri yzygiderli ýola goýulýar.

Ýokary okuw mekdebiň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlara institutyň professor-mugallymlary tarapyndan ýurdumyzyň senagat ulgamynyň döwrebap kärhanalarynda göçme-önümçilik okuw tejribeliklerini hem yzygiderli gurnaýarlar.

Ýakynda, ýokary okuw mekdebiň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň talyplary “Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginiň Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezinde okuw önümçilik tejribeligini geçdiler.  Bu okuw-önümçilik tejribeliginde talyplar hormatly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün  ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy ugrunda önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary barasynda giň göwrümli maglumatlary aldylar.

Ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň uly depginler bilen ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişmeli talyp ýaşlara bu günki gün  ýokary okuw mekdebindäki häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan enjamlarda, şeýle hem, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan tejribehanalarda tejribelik okuwlarynyň döwrebap geçirilmegi hem-de göçme önümçilik okuwlarynyň döwrebap guralmagy talyplaryň nazary bilimleriniň has-da kämilleşmegine uly şert döredýär. Sanly ulgamy ulanmak arkaly geçirilýän döwrebap okuwlarda talyplar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň senagat toplumynyň maddy binýadynyň berkemegi ugrunda alnyp barylýan işler barasynda hem-de sanly ykdysadyýetimiziň ösüşleri barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar. Şunuň ýaly göçme tejribelik okuwlary talyplaryň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly mümkinçilikleri döredýär. 

Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň  ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynda uly buýsanç döredýär hem-de şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

Gülşirin Agaýewa, 

“Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” 

kafedrasynyň mugallymy.