NAZARY BILIMLER KÄMILLEŞÝÄR

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, talyplaryň önümçilik okuwlarynyň döwrebap guralmagy hem yzygiderli üpjün edilýär. Ýokary okuw mekdebiň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlar yzygiderli ýurdumyzyň döwrebap kärhanalarynda göçme-önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliklerinde talyplar Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün  ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar.

Ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň “Inženerçilik ulgamlary we torlary” kafedrasynyň mugallymlary M.Artykgurbanowyň, O.Annamyradowanyň, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Kärhananyň ykdysadyýeti” kafedrasynyň mugallymy Ý.Myradowyň hem-de “Ýörite maksatly inžener ulgamlary we desgalary” we “Inžener ulgamlary we torlary” hünärleriniň 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmaklarynda Arkadag şäher “Energoönümçilik birleşiginiň Gündogar 1” bekedinde göçme okuw-önümçilik tejribeligi geçirildi. Tejribelikde talyplar hünärmenleriň gürrüň bermeginde bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan transformatorlaryň dürli görnüşleri, ýaşaýyş, jemgyýetçilik we senagat toplumlarynda elektrik energiýasyny ulanmakda we paýlamakda elektrik ulgamlaryň hyzmatlary, şeýle hem önümçilik desgalarynda, jemgyýetçilik binalarda we kärhanalarda elektrik ulgamynyň  ulanylýan usullary bilen ýakyndan tanyşdylar. Tejribeligiň dowamynda mugallymlaryň we talyplaryň interwýulary gurnaldy. Göçme tejribeligi “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. 

Bu geçirilen göçme okuw-önümçilik tejribeligi Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Hezilow Goçmyrat, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby