MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMEN – GÖRNÜKLI SERKERDE , FILOSOF WE ILÇI

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly Türkmenistanyň dünýäniň syýasy ykdysady, medeni, ylym giňişligindäki hem-de dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmak döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Türkmenleriň Baharly kabylasyndan bolan Muhammet Baýram han-hanany türkmen XVI asyryň başynda, takmynan 1504-nji ýylda Bazahşanda dogulýar. Muhammet Baýram han Türkmen XVI asyryň başlarynda Badahşan sebitlerine göçüp baran Seýfaly begiň maşgalasynda dünýä inipdir. Ol ýaşlygynda degişli ugurlar boýunça bilim we terbiýe alan harby serkerde, döwlet işgäri, filosof, sazanda we şahyr bolup ýetişipdir. Onuň durmuşynda oňa uly şöhrat getirjek harby tälimini bolsa Balhda alýar. Onuň ata-babalary häzirki Azerbeýjanyň gönorta tarapynda uly döwlet guran Garagoýunly türkmenlerinden bolup, hökümet gullugynda, harby işlerde edermenlik görkezen şahslar bolupdyrlar. Başlangyç bilimi we harby hünäri şol ýerde alypdyr. Oňa Balhyň iň güýçli alymlary sapak beripdirler. Baýram hanyň ylma, paýhasa we sungata bolan söýgüsi ömüriniň ahyryna çenli saklanypdyr. Ol pars, arap we çagataý dillerini düýpli öwrenipdir. Ol özüniň ýaşlygyna garamazdan Babur şanyň dykgatyny çekipdir we onuň iň ynamdar adamlarynyň hataryna goşulypdyr. Baýram han Baburyň uly ogly Humaýynyň hyzmatynda bolup onuň parahatçylykly we durnukly syýasat alyp barmagy ugrynda köp işleri bitiripdir. Ol Humaýunyň täzeden Hindistana häkim bolup saýlanmagynda ähmiýetli orny eýeleýär. Onuň alyp baran parahatçylykly syýasaty sebitde uly pajygaly wakalaryň öňini almaga düýpli edendigini bellemek bolar. Humaýun şa aradan çykmazynyň öňi syrasynda ogly Ekbere Baýram hanyň atalyk etmegini tabşyrypdyr we Ekber şanyň kämillik ýaşyna ýetýänçä onuň weziri höküminde ýurdy dolandyrypdyr. Bu wakanyň özi hem türkmenleriň taryhyndaky atabeglik mekdebine hem çalymdaşdyr. Şol döwürde parasatly, batyr, harby serkerde Baýram hanyň şan-şöhraty, atowazasy eýýäm Gündogar ýurtlaryna we şol bir wagtyň özünde hem garşydaş hasaplanýan Owganystana hem ýaýran eken. Muhammet Baýram han Türkmen alyp baran daşary syýasatynda parahatçylyk ýörelgelerini hem-de sebit meselelerini syýasy, diplomatik ýollar arkaly çözmäge çalyşypdyr. Şol sebäpli hem Owganystanyň şasy Şir şa her edip, hesip edip batyr we paýhasly Baýram han-hanany türkmeni öz tarapyna çekmek isläpdir. Oňa iň ýokary derejeler, ummasyz peşgeşler wada edýär, emma Baýram han Şir şanyň teklibini kabul etmeýär. Onuň şahyrana döredijiliginde görnükli ýer alan türkmen dilindäki goşgularynda, geçmişde türkmen, özbek, gazak, gyrgyz, garagalpak halklary üçin ortalyk bolan çagataý diliniň täsiri duýulýar. Ulanan esasy goşgy formalary gazal hem-de rubagydyr. Goşgularyň köp bölegi söýgi temasynda, galanlary filosofiki we gahrymançylyk temalarynda ýazylypdyr we aýry-aýry beýik şahyslary taryp edilipdir. Baýram han özüniň döredijiligi, ýadawsyz tagallasy bilen Orta Aziýa, Owganystan, Horasan, Eýran, Hindistan ýaly gadymy Gündogar ýurtlarynda halklaryň parahatçylykly, ylalaşykly hem-de medeni hyzmatdaşlyklarynyň ösmeginde we olaryň özara dostlygynyň pugtalanmagynda ägirt uly täsiri bolan şahsdyr. Hindistanda Çagataý dilinde şygyr ýazmagyň ussady bolan Baýram hanyň şygyrlarynda söýgi we parasatlylyk meseleleri ýönekeý diliň üsti bilen beýan edilipdir. Ene topraklaryndan uzaklarda ýaşaýan we halka hyzmat eden ýyllarynda Baýram han ata-watana bolan duýgusyny we hasratyny öz goşgy setirlerinde beýan edipdir. Şol bir wagtyň özünde hem ol halkara meselelerine degişli diplomatik resminamalary ýazmaklykda ýiti ukyba eýe bolupdyr. Onuň sebitde alyp baran parahatçylykly syýasaty degişli netijeleri beripdir diýmäge doly esas bar. Muhammet Baýram han öz şygyrlarynda ynsanlara mahsus bolmaly sypatlar barada, has takygy, halklaryň arasynda ynsanperwerlik ýörelgelerini ýokarlandyrmak, ylymly-bilimli we döwlet ýolbaşçylarynyň ýanynda özüňi alyp barmagy başarmak, ýönekeý halka duýgudaşlyk etmek we olary ynsanlygyň ýokary derejesinde saklamak ýaly pikirleri öňe şürüpdir. Halklaryň we ýurtlar arasynda: deňlik, özbaşdsaklyk, erkinlik, birek-biregiň işine goşulmazlyk, parahatýçylygy goramak ýaly pikirler onuň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçipdir.

Institutymyzyň uly mugallymy: Saparmyrat Garataýew