MILLILIK BUÝSANJYM

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, institutynyň ilkinji Zenanlar guramasy, Aşgabat şäher Büzmeýin etrap Zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Işewir Zenanlar merkezi  bilelikde Milli bahar baýramçylygy mynasybetli ýaşuly eneleriň, halypa zenan mugallymlaryň, eli çeper talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda  Hormatly Prezidentimiziň  “Janly rowaýat, Arşyň nepisligi” atly atalyk kitaplaryna salgylanyp ene-mamalarmyzdan bize miras galan el işleriniň dürli görnüşleriniň ýerine ýetirlişi barada “MILLILIK BUÝSANJYM” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Bu çärede talyp gelin-gyzlar eneleriň, halypa zenan mugallymlaryň ýolbaşçylygynda keşde çekişleri, haly dokaýyşlary, örüm işlerini ýerine ýetirişleri şeýle hem ýerine ýetirýän işleriniň nagşynyň döreýiş şol bir wagtyň özünde hem Milli bahar baýramçylygy onuň taryhy barada ussatlyk bilen eden çykyşlary, aýdan aýdymlary çäräniň täsirini hasda artdyrdy. Bu ajaýyplyklary dowam etmekligi maksat edinen talyp gelin-gyzlar ene-mamalarmyzdan bize miras galan milliliklermize we türkmen zenanlaryna belent sarpa goýýan mähriban Arkadagymyza alkyşlary aýtmak bilen çäräni jemlediler.