Türkmen halkynyň taryhynda uly yz galdyran şahsyýetler diýseň köp. Olaryňbitiren hyzmatlary, gahrymançylyklary halk hakydasynda hemişelik ýaşaýar.Şeýle şahsyýetleriň biri hem meşhur serkerde, görnükli döwlet işgäri MuhammetBaýram han Türkmendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda Muhammet Baýram han Türkmeniň durmuş ýoly barada durup geçmek bilen şeýle belleýär: “Baýram hanTürkmeniň pähimi hem-de ugurtapyjylygy Beýik Mogollar döwletiniň hökümdary Humaýunyň öz agalary bilen ýaraşdyrylmagyna täsirini ýetiripdir”. Onuň filosofiýabolan çuňňur gyzyklanmasy, şahyrana döredijiligi we Orta Aziýa, Horasanhem-de Hindistan barada baý maglumata eýe bolmagy oňa uly abraý we şöhratgetiripdir. Taryhçy alymlaryň bellemegine görä, söz ussady Muhammet Baýramhan Türkmeniň pars we hindi dillerinde döreden şygyrlary Ýakyn Gündogarhalklarynyň medeniýetleriniň arasynda dostluga daýanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň ajaýyp gurşawynyň döremegine düýpli täsirini ýetiripdir. Balhda harby tälim alan Muhammet Baýram han Türkmen Babyr şanyň (1526–1530), Humaýun şanyň(1530–1556) we Ekber şanyň (1556–1605) hökümdarlyk eden döwürlerinde deňitaýy bolmadyk serkerde hem-de döwlet işgäri hökmünde tutuş sebitde giňdentanalýar. Humaýun şanyň görnükli serkerdäniň belent adamkärçiligini göz öňündetutup: “Maşgalamyzda seniň ýaly şugla saçýan başga hiç kim ýokdur” diýip bellemegini onuň sowatly, parasatly, ynamdar we wepaly şahsyýet bolandygynyň ykrary hökmünde kabul etmek bolar. Hindi alymy R. K. Pandiniň Muhammet Baýram han Türkmen barada döreden“Baýram hanyň ömri we hyzmatlary” atly eserinde getirilýän maglumatlardan uguralsak, onuň ilçi, şol sanda tejribesi ýetik diplomat bolandygyny öňe sürmäge dolyesas bar.Mälim bolşy ýaly, 1540–1555-nji ýyllar Mogollar döwletiniň taryhyndaiň bir çylşyrymly döwürleriň biri hasaplanýar. Döwletiň entek ýaşlygyny, Babyryň owgan hanlaryna Hindistandan ýer bermegini, ölmezinden öň bolsa ogullaryndan Humaýuny tagtyň mirasdüşeri edip bellemegini we tabynlygyndakyýerleriň deňhukukly paýlanylmazlygyny esasy sebäpler hökmünde görkezmekbolar. Tagt ugrundaky barlyşyksyz çekişmeler Mogollar döwleti bilen Şir şanyňýolbaşçylygynda Hindistandaky owganlaryň arasynda 1540-njy ýylda bolup geçenGanuaç söweşinde mogollar ýeňlişe sezewar bolýar. Mogollar döwletiniň saklanypgalmagynda, onuň öňki harby we ykdysady durkuna gelmeginde, Humaýun şanyňHindistana gaýtadan aralaşmagynda Muhammet Baýram han Türkmeniň goşandyuly bolupdyr. Şol döwürde Babyrlar döwletiniň saklanyp galmagynyň ýeke-täkçözgüdi hem Sefewiler döwletiniň goldawyny almak bilen bagly bolandygyndadyr.Şunuň bilen baglylykda Muhammet Baýram han Türkmeniň sefewileriň hökümdaryTahmasp şa bilen geçiren gepleşikleri ykbal kesgitleýji bolupdyr.Tahmasp şa Muhammet Baýram han Türkmeniň paýhas parasatyna we ýitisyýasy zehinine haýran galypdyr. Şol gezekki duşuşyk oňyn netije bermedik hembolsa, taraplaryň arasynda gepleşikleriň dowam etmegine esas bolupdyr. Tahmaspşanyň ilçisi Bubak beg 1544-nji ýylda Humaýun şanyň Gawzä gelmegi üçinýörite çakylyk ugradypdyr, ýöne käbir sebäplere görä, hökümdarlaryň arasyndakyduşuşyk Soltanyýede geçirilýär. Duşuşykda uly hormat bilen garşy alnan Humaýuna beýikligiň alamaty hökmünde şa täji hem geýdirilipdir. Netijede, Tahmasp şa ýöriteperman çykarýar. Bu permanda sefewileriň şertleri aýdyň beýan edilipdir. Ylalaşygagol çekilmegi bilen, ilkinji nobatda, Humaýun şa Zemidowlar, Kandagar, Kabulwe Gazna şäherlerini gaýtaryp almak üçin 12 müň atly we 300 sany meýletinçi,galyberse-de, 20 müň tümenlik maddy kömek (pul, at, düýe, ýüp, çadyr we beýlekizerurlyklar) bilen üpjün edilýär.Bu diplomatik ýeňşiň gazanylmagynda Muhammet Baýram han Türkmeniňpaýy juda uludyr. Onuň parasatlylyk bilen alyp baran diplomatiýasy özüniň oňyn netijesini beripdir. Bu, birinjiden, sebitde deňagramly syýasy ýagaýyň dowametmegine, dartgynlylygyň gowşamagyna täsir edipdir, ikinjiden bolsa, Mogollar döwletiniň taryh sahnasynda uzak ýyllaryň dowamynda höküm sürmegine şert döredipdir.“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýylynda” Muhammet Baýram han Türkmeniň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleriniň öwrenilmegi aýratyn mana eýedir.
Institutymyzyň uly mugallymy: Gylyçmuhammet Joraýew